Saud Arabystany bu ýyl haj zyýaratynyň diňe ‘sanjym edilen’ ýerli ilata elýeterli boljakdygyny aýdýar
Saud Arabystanynyň Metbugat gullugynyň patyşalygyň Haj we Umra ministrliginiň resmilerine salgylanyp 12-nji iýunda beren habaryna görä, bu ýylky haj zyýaratlary "ýerli ilat üçin açyk bolup, 60,000 zyýaratçy möçberinde çäklendiriler”.
Şeýle-de, haj zyýaratyny amala aşyrmak isleýänler 18-65 ýaş aralygyndaky adamlar bolup, olar hroniki kesellerden halas bolmaly, sanjym edilen bolmaly diýip, habarda bellenýär.
Ýyllyk haj zyýaratlarynda, adatça, musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Mekge we Medinä şäherlerine 2 milliondan gowrak zyýaratçy gelýär. Bu ýyl haj zyýaratlary 17-22-nji iýul aralygynda amala aşyrylar.
COVID-19 aladalary sebäpli, köp ýurt Mekgä döwlet tarapyndan guralýan zyýaratlaryny eýýäm ikinji ýyl goýbolsun etdi.
