Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

60 ýaşan owgan türkmeni uniwersitete girip, birinji okuw ýylyny tamamlady

0
Owganystnda 60 ýaşly Fazylmennan Arypy Jöwüzjan uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminde ýokary bilim alýar. Şol bir wagtyň özünde, ol türkmen çagalaryna bilim berýär. Fazylmennan Arypy orta okuw jaýyny hem ýaşy gaýdyşandan soň okap gutarypdy. Soňra ol Jöwüzjan uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine girmek üçin, konkurs synagyna gatnaşdy. Bu goja student häzir ýokary okuw jaýynyň birinji ýylyny tamamlady. Uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty bölüminiň 2-nji ýylynyň semestrinde özüniň okuwa başlandygyny Arypy gürrüň berýär.


– Oglan okadýan, arasynda semestr halas edip otyr. Umydymyz-a ýokary – diýip, ol aýdýar.


Ýurduň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Demirgazyk Owganystanda-da gazaply çaknyşyklar barha möwjeýär. Halkyň ýagdaýy ykdysady taýdanam agyrlaşýar. Şoňa garamazdan, ýokary okuwyny okap tamamlamaga bilini berk baglandygyny Fazylmennan Arypy belledi.


– Ykdysady kynçylyklar bar, onda-da okap bileris diýip umyt edýäs. Ýaşymyz bolsa okuw ýaşyndan öten, ýöne höwes ahyr derejede bar. Ileri gidip bilerin diýip umyt edýän.


Tutuş Owganystanda diňe Jöwüzjan uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty bölümi bar. Owganystanly türkmenleriň arasynda türkmen dili we edebiýaty boýunça okuwçylara döwrebap bilim berip bilýän ýokary bilimli hünärmenleriň azdygyny hünärmenler aýdýarlar. Şeýle bolsa-da, Jöwüzjan uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty departamentinde okuwçylara tälim berýän mugallymlaryň ukyp derejesiniň ýokarydygyny Fazylmennan Aryp mälim edýär.


– Ussatlar bar, hemmeler bilbil ýaly saýrap durlar. Ussatlaryň hemmesinden juda razy, ýeke birinden däl.


Fazylmennan Arypy döredijilik bilenem meşgullanýar. Ol ylym-bilimiň ähmiýetini goşgy arkaly beýan edýär.


Owganystanly türkmenleriň arasynda ýokary bilimli kadrlaryň sany az. Emma soňky döwürde türkmenlerem ylym-bilim almaga üns berip başladylar. Yslam nukdaýnazaryndan hem her ynsan üçin ylym-bilimli bolmagyň zerurdygyny Arypy öňe sürýär.


– Şol ylymlaryň birden-birini okamadyk adamlaryň özüni ynsan saýyp ýörşi-de bir geň. Kim bolsa-da ylmy okamaly ahyryn. Bu ugurdan hadys bar.


Goja ýaşda uniwersitetde tälim almak ýeňil iş däl. 60 ýaşda uniwersitetde bilim alýandygy üçin, käbir adamlaryň özüni ýaňsylaýandygyna Arypy nägilelik bildirýär.


– Hatda men uniwersitete ýeňsedäki köçeden gatnaýan, okuw jaýynyň alnyndaky köçeden barman.


Ýöne türkmenleriň ylym-bilimli şahsyýetleriniň onuň ýokary okuw jaýynda tälim alýandygyna begenýänleriň hem bardygyny Arypy belläp geçýär.


– Türkmenlerde-de muňa hoş bolýanlar bar, bir ussadymyz hoş boldy, saýyp Myrady hoş boldy. Okuwly adamlar muňa hoş bolýarlar. Başgalar bolsa “Kyrkda dutar öwrenip, görüňde çaljakmy?” diýýänleri bar. Hawa, her kimiň öz pikiri-dä, näme – diýip, Arypy gülýär.


Owganystanda hökümet işgärleri ýaşy 60-dan geçenden soň, pensiýa çykýarlar. Fazylmennan Arypy öz maksadynyň işe girmek däl-de, uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty departamentinden şahadatnama almakdygyny mälim edýär.


– Maksadym şu, bölümi okap, şahadatnamany elime alsam bolýar.


Fazylmennan Arypy owganystanly türkmenleriň arasynda goja ýaşda bilim almaga synanyşýan ilkinji şahsdyr. Ol başgalara görelde bolmak üçin, ýokary okuw jaýyna okuwa girmegi başardy. Owgan türkmenleriniň hem öz ogul-gyzlarynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaklaryna mümkinçilik döretmegini Arypy halka maslahat berýär.


Owganystanly türkmenleriň ylym-bilim derejesi bu ýurtda ýaşaýan beýleki halklara garanda pes. Munuň sebäbi türkmenler köplenç çetki etrap obalarda kowçum bolup ýaşaýarlar. Obalarda mekdepler bar, emma talantly mugallymlar ýok. Hususan-da, mekdeplerde aýal mugallymlaryň bolmadygy agyr bökdençlik döredýär. Şol sebäpden: “Adamlar öz gyz çagalaryny 4 – 5-nji synpdan soň mekdebe ibermeýär” diýip, türkmen wekilleri aýdýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net