Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna ‘sapar etmegine garaşylýar’

0
Şu günler prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna ýene bir gezek sapar etmegine garaşylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.


Onuň maglumatlaryna görä, Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda sebitde uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.


Habarçy welaýata amala aşyrylýan nobatdaky “ýokary derejeli saparyň” Farap şäheriniň demirgazygynda gurluşygy dowam edýän bir it penahasy bilen baglanyşyklydygyny habar berýär.




Bu sebitde alabaý itleri üçin ýörite penahananyň gurluşygy alnyp barylýar. Habarçynyň maglumatlaryna görä,  bu desganyň gurluşygyny “Ussat” atly bir hususy kompaniýa ýerine ýetirýär.


Habarçy bilen anonim gürrüňdeşlikde kärhananyň bir hünärmeni mundan ozal 22-nji martda Serdar Berdimuhamedowyň bu penahana baryp görendigini we ol ýerde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyş bolandygyny aýtdy.


Onuň sözlerine görä, alabai itlere niýetlenen penahananyň açylyşyna Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagyna garaşylýar.


“Bu penahana 24-nji aprelde doly ulanylmaga beriler” diýip, gurluşyk kärhanasynyň hünärmeni aýtdy.


Ýatlasak, Azatlyk Radiosy mundan ozal, 2020-nji ýylyň sentýabrynda Farap etrabynyň býujet işgärlerinden welaýatda guruljak bir it penahanasynyň gurluşygy üçin pul ýygnalýandygyny habar berdi.


Serdar Berdimuhamedow hökümet başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolmak bilen bir hatarda “Halkara türkmen alabaý itleri” assosiýasiýasynyň hem başlygydyr.




Habarçy bilen gürrüňdeş bolan gurluşyk hünärmeniň sözlerine görä, welaýata amala aşyran öňki saparynyň dowamynda prezidentiň ogly  it penahanasynyň wagtynda ulanylmaga berilmegini talap edipdir. Şeýle-de, ol Berdimuhamedowyň bu gurluşyk kärhanasyny täze awtoulag bilen üpjün edendigini sözüne goşupdyr.


“Açylyş dabarasyna Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy ähtimal” diýip, hünärmen aýtdy.


Mundan ozal, Azatlyk Radiosy 22-nji martda kiçi Berdimuhamedowyň Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabada sapar edendigini habar berdi.


Şonda Azatlygyň ýerli habarçylary Serdar Berdimuhamedow Türkmenabada gelende, edil prezident-kakasynyň saparlarynda bolşy ýaly howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berdiler.


“[Prezidentiň] oglunyň gelen mahaly Türkmenabadyň aeroportundan uzaýan ‘Arkadag’ şaýoly doly petiklendi. Onuň şäheriň sapar eden ýerleriniň töweregindäki köçeler hem ýapyldy. Ýerli resmiler özlerini edil hamala prezidentiň özi gelendir ýaly alyp bardylar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 22-nji martda şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.




Şonda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenabatdan soň, welaýatyň Kerki we Çärjew etraplaryna sapar edip, käbir gurluşyk desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşandygy mälim boldy.


Habarçynyň maglumatlaryna görä, Farapda gurulýan alabai penahanasy Farap gümrük gullugyna barýan halkalaýyn ýoluň ugrunda ýerleşýär.


Bu penahananyň açylyşynyň uly dabara bilen geçirilmegine garaşylýar.


Habarçy şu günler bu penahana barýan ýollaryň ugrunda abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.


Türkmenistanda apreliň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň we Türkmen alabaýynyň baýramy bellenip geçiler.


Mundan ozal, Serdar Berdimuhamedowyň Mary we Daşoguz welaýatlaryna-da sapar etmegine garaşylandygy habar berildi.  


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net