Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2021

Türkmenistanda täze karantin zolagy gurulýar we garrylara COVID-19-a garşy sanjym edilýär

0
Türkmenistanda täze karantin zolagy gurulýar we garrylara COVID-19-a garşy sanjym edilýär

Pandemiýa sebäpli daşary ýurtda galan türkmen raýatlary Türkmenistana dolanmagyny dowam etdirýärler. Bu döwürde ýurduň gündogarynda ýene bir karantin zonasynyň gurluşygy başlandy. Ilata koronawirusa garşy sanjym etmek hem dowam etdirilýär. Waksinany şu wagt diňe paýtagtda ýaşy ulular alyp bilýärler. Garaşsyz çeşmelere görä, olara ýurtda hasaba alynmadyk Hytaýda öndürilen derman hödürlenýär.

Türkmenabadyň gündogaryndaky karantin zolaklarynda adam köp, bu meselede häkimiýetler COVID-19 hassalary üçin bar bolan zolaklary giňeltmek we täze desgalary gurmak üçin çäreleri görýärler.

Bu barada 24-nji martda habar beren habarçylarymyz Lebap welaýatynda dördünji karantin zonasynyň gurluşygynyň başlandygyny aýtdylar. Bu desga Çärjew etrabynda ýokanç keseller hassahanasynyň çäginde ýerleşýär. Häzirki wagtda hassahananyň çäginde köp sanly harby çadyr gurulýar. Karantin zolagynyň aprel aýynyň başynda işe taýýar bolmagyna garaşylýar.

Häkimiýetler mart aýynyň ortalarynda bu regionda karantinleri giňeltmek we şertleri gowulandyrmak kararyny yglan etdiler. 15-nji martda Lebap welaýatynyň häkimi we ýurduň saglyk ministriniň orunbasary Amyderýanyň kenarynda, ozal daşary ýurt gurluşyk kompaniýasy tarapyndan ulanylýan binalarda ýerleşýän 500 adamlyk uly karantin zolagyna baryp, şertler bilen tanyşdy.

Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelere görä, häkimiýetler sebitdäki karantin zolaklaryny 7000 adama çenli giňeltmegi planlaşdyrýarlar.

Azatlyk Radiosy sebit administrasiýasynyň wekillerinden we ýerli saglyk işgärlerinden resmi taýdan maglumat alyp bilmedi.

Karantin zolaklarynda ýerleriň ýetmezçiligi Türkmenistanyň raýatlaryna we ýurda gelýän daşary ýurtlulara-da täsir edýär. Kanuna görä, ýurda gelýänlerden üç hepdelik karantinde bolmak talap edilýär.

Çeşmelere görä, zerur infrastrukturanyň ýoklugy sebäpli häkimiýetler ýurda gelýän adamlaryň sanyny çäklendirýärler.

Azatlygyň sebit edaralaryndaky çeşmelerine görä, 23-nji martda günortan Türkmenistanyň 50 raýaty Özbegistandan gelipdir, olaryň 45-si student. Özbegistandan Farap serhedinden geçip baran türkmen raýatlary Türkmenabatyň esasy karantin zolagyna ýerleşdirilipdir.

Ondan öň 19-njy martda Türk howaýollary tarapyndan gerirlen Türkmenistanyň onlarça raýaty hem Türkmenabatda karantine ýerleşdirildi. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine göre, olar bilen uçarda bile gelen galan ýolagçylar Türkiýäniň we beýleki döwletleriň raýatlarydy.

Bu aralykda, ýurtda koronawirusa garşy waksinasiýa dowam etdirilýär.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň habar bermegine görä, 23-nji we 24-nji martda paýtagtyň saglyk öýleriniň ençemesinde garrylara sanjym berildi. Sanjym üçin Hytaýyň "Vero Cell" waksinasy ulanylýar. Ondan öň bu waksina saglyk öýleriniň işgärleriniň arasynda şepagat uýalaryna we arassaçylyk işgärlerine, şeýle hem dermanhanalaryň işgärlerine berildi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşirine görä, waksina Aşgabatda 70 ýaşa ýakyn adamlara edilýär. Adamlar waksina etmekden ýüz öwrüp bilerler. Neşir, Hytaýyň Sinopharm kompaniýasy tarapyndan öndürilýän we Türkmenistanda hasaba alynmadyk "Vero Cell" sanjymynyň ozal 70 ýaşdan uly raýatlara edilendigini belleýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” Russiýadan waksinalaryň ýene bir tapgyrynyň 24-nji martda ýurda geljekdigini we waksinalaryň ýene bir partiýasynyň Hytaýdan getirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary BSG tarapyndan maslahat berilýän daşary ýurt waksinalaryny we lukmançylyk serişdelerini öwrenmek we hasaba almak meýilnamalaryny yglan edipdi, ýöne Hytaýda öndürlen waksinalary hasaba alandygyny we ulanýandygyny resmi taýdan mälim etmändi. 6-njy martda hytaý telewideniýesi Hytaýyň wakinalarynyň Türkmenistana iberilendigini habar berdi.

Şu wagta çenli Türkmenistan diňe rus sanjymlaryny resmi taýdan hasaba aldy.

Ýurduň häkimiýetleri koronawirusyň bardygyny inkär etmegini dowam etdirýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri global koronawirus pandemiýasy, onuň ýurtdaky ýagdaýa täsiri, häkimiýetleriň COVID-19-yň ýaýramagynyň garşysyna çäreler we waksinasiýany ulanmagy barada habar bermeýär. Hökümet ýylyň dowamynda koronawirus alamatly keseliň ýaýramagy, ölüm derejesiniň ýokarlanmagy, lukmançylyk kömeginiň hiliniň ýaramazlaşmagy we ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegi ýaly ýagdaýlary düýpden agzamýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин посетил фестиваль "Москва – на волне. Рыбная неделя"


Спорт в России и мире
Москва

Дептранс Москвы раскрыл детали инцидента на станции метро "Спортивная"


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Надежда Петрова

Теннисистка Петрова: Хачанов совершил недопустимую ошибку на "Ролан Гаррос"


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Портал «Малый бизнес Москвы» насчитывает более 200 тыс пользователей





Путин в России и мире
Москва

Лучшие фото недели // Запоминающиеся кадры 27–31 мая


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Путин и Лукашенко обсудили по телефону предстоящий саммит ШОС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

НАТО оказалась не готова к войне с Россией. Тайное соглашение США и Киева: Враг нацелился на Белгород - источники


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Оззи Осборн

Гизер Батлер рассказал, что Оззи Осборн согласился выступить с Black Sabbath



Москва

Атмосферное давление крепко ударит по мозгам: прогноз на сегодня, завтра и весь июнь

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net