Maglumat elýeterliligini çäklendirýän Türkmenistan ikinji milli hemrasyny uçurmaga taýýarlanýar
Türkmenistan ikinji “TürkmenÄlem 52E” milli hemrasyny uçurmaga taýýarlanýar. Bu barada geçen anna güni geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.
Berdimuhamedow Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň hem-de bu ugurda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.
Prezidentiň bu baradaky çykyşy ýurtda VPN hyzmatlaryny böwetlemek ugrundaky tagallalaryň güýçlendirilen döwrüne gabat geldi.
Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýar. Ýurtda köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdelerine, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýtlaryna we sosial ulgamlaryna girmäge mümkinçilik ýok. Petiklenen saýtlara gitmek üçin ilat VPN serwerlerini ulanmaga mejbur bolýar.
Mundan öň, geçen ýylyň başynda “TurkmenÄlem 52E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy özbek telekenallaryny efire goýbermegini bes edipdi.
Efiriň kesilmeginiň sebäpleri mälim bolmasa-da, bu ýagdaý şondan bir aý öň özbek kanallarynyň birinde “Ýerasty Altylyk” (“6 Underground”) amerikan filmiň görkezilmegi bilen ilteşdirildi. Filmiň epizodlary Türkmenistany ýatladýar. Onuň gahrymanlary Türgistan atly toslama ýurduň diktatory Rowaç Alimowy tagtdan agdarýarlar.
Türkmenistanyň ilkinji “TürkmänÄlem 52” emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatyndan älem giňişligine uçuryldy. Ony Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Thales Alenia Space fransuz kompaniýasy Falcon 9 raketa göterijisi arkaly äleme goýberdi.
Häzirki wagtda emeli hemra Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň teleradiokanallaryny, galyberse-de TRT World, France 24 ýaly halkara habar kanallaryny alyp görkezýär. “Türkmen hemrasy” daşary ýurt kanallaryny alyp görkezmekde “Wide Network Solutions” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.