Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2021

Orsýetiň TASS döwlet agentligi Nawalnynyň Pokrowdaky tussaghana geçirlendigini habar berýär

0
Orsýetiň TASS döwlet agentligi Nawalnynyň Pokrowdaky tussaghana geçirlendigini habar berýär

Russiýanyň döwlet habar gullugy TASS oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň Pokrow şäherindäki türmede saklanýandygyny habar berdi, korrupsiýa garşy göreşýän kampaniýanyň wekilleri bolsa, onuň nirededigi barada resmi tassyknama almandygyny aýtdylar.

TASS 235-nji Garnizon sudundan alan hatynda Nawalnynyň "IK-2" türmesindediginiň we bu ýere birnäçe gün ozal geçirilendiginiň görkezilýändigini 15-nji martda habar berdi.

Nawalnynyň nirededigi baradaky sorag, aklawçylaryň Russiýanyň paýtagtyndan demirgazyk-gündogardaky Wladimir regionynyň tussaghanasyna Kremliň tankytçysyny görmäge gidendiklerini, ýöne şol ýere onuň ýokdugynyň aýdylandygyny mälim edilmeginiň yzýany ýüze çykdy.

TASS agentliginiň habaryna görä, Nawalnynyň ýerleşýän ýerini tassyklaýan hat, onuň geçen ýylyň awgust aýynda ölüm howply zäherlenip, Omskde keselhana ýerleşdirilmegi meselesinde derňewçileriň hereketsizligine garşy eden şikaýaty boýunça berlen resmi jogap bolupdyr. Agentlik çap eden habarynda hatyň suratyny ýerleşdirdi. 

Hatyň "IK-2" tussaghanasynyň ýolbaşçysyna iberilendigi we Nawalnynyň şikaýatyna 16-njy martda garaljakdygyny habar bermek üçin edilendigi düşündirilýär.

TASS-yň habaryna görä, sud koloniýanyň administrasiýasyndan "Nawalnynyň wideo konferensiýa arkaly kazyýet diňlenişigine gatnaşmagyny üpjün etmegi" soraýar.

Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň (FBK) müdiri Iwan Ždanow 15-nji martda Twitterde ýazan habarynda "Nawalnynyň ýerleşýän ýeri barada entek resmi maglumatymyz ýok" diýdi.

Prezident Wladimir Putiniň tanymal tankytçysy Nawalnyý, ogurlyk işi bilen baglanyşykly şertli tussaglygynyň düzgünini bozandygy sebäpli iki ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Nawalna garşy çykarylan kararyň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar. Orsýetiň häkimiýetleri muny ret edýärler.

TASS Nawalnynyň Pokrowdaky türmä geçirlendigini habar berensoň onuň Russiýanyň kanunlaryna laýyklykda 15 gün dowam edýän karantindedigini mälim etdi. Nawalnynyň aklawçylary, müşderisiniň nirededigi barada özlerine resmi habaryň berilmändigini aýtdylar.

Rus häkimiýetleri, adatça, tussaglaryň alnyp barylýan ýerlerine baryp ýetýänçä maglumat berilmeýär we günortan Nawalnynyň aklawçylary onuň nirededigini bilýändiklerini gaýtaladylar.

3-nji martda Nawalnyý özüniň Kolçugino şäherindäki 3-nji tussaghanasyna geçirilendigini, ýöne ahyrsoňy Moskwanyň 100 km gündogarynda ýerleşýän Pokrowdaky jeza koloniýasyna geçirilmegine garaşylýandygyny aýdypdy.

Koloniýa Russiýa Federasiýasynyň Ýewropa böleginde ýerleşýän iň gyr şertli tussaghanalaryň biri hasaplanýar.

Nawalnynyň başga tussaghana geçirilendigi baradaky habar ýaýransoň, onlarça ýurt, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary onuň dessine boşadylmagyny we geçen ýyl harby derejeli nerw agenti bilen zäherlenmegi barada derňew geçirmegini talap etdiler.

Nawalny 2020-nji ýylyň awgust aýynda Sibirde "Nowiçok" nerw agenti bilen zäherlenip, uçarda özüni erbet duýansoň, Germaniýa äkidilip bejergi alypdy we ýanwar aýynda Berlinden gaýdyp Orsýete baran badyna Moskwanyň howa menzilinde tussag edilipdi.

Nawalnyý öz janyna kast etmek synanyşygyna Putin tarapyndan görkezme berlendigini aýtdy. Russiýa muny ret edýär.

Nawalnynyň tussag edilmegi milli derejede nägilelik tolkunyny tutaşdyrdy we tarapdarlaryna garşy basyşlary artdyrdy.

2-nji martda Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Nawalny meselesi sebäpli Russiýa garşy täze sanksiýalary girizdiler.

12-nji martda Polşanyň wekili Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşine Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan Nawalna garşy edilýän hereketleriň "kabul ederliksiz we syýasy sebäplidigini" aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Мишустина с назначением на должность премьер-министра РФ


Спорт в России и мире
Москва

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Премьер утверждён без интриги





Путин в России и мире
Москва

"Газета.Ru" представляет самые яркие кадры прошедшей недели


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Святая миссия русского солдата


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Виктор Пинчук

Выставка CD этнической музыки из коллекции путешественника откроется в Крыму



Москва

Суперкамбэк определил нового лидера чемпионата Алипа

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net