G7-niň daşary işler ministrleri Russiýany Nawalnynyň tussag edilmegi boýunça ýazgardylar
26-njy ýanwarda Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Birleşen Şalygyň we Birleşen Ştatlaryň daşary işler ministrleri umumy beýanat ýaýradyp, onda Nawanlynyň tussag edilmegini “gynandyryjy” atlandyryp, onuň “dessine we öňünden hiç hili şert goýulmazdan azat edilmegini” talap etdiler.
“Russiýa milli we halkara borçnamalary esasynda adam hukuklaryny kepillendirmäge borçly” diýip, beýanatda aýdylýar.
17-nji ýanwarda, Germaniýada Nowiçok zäherlenmesinden bejergi alyp gelende tussag edilen Nawalny 18-nji ýanwarda geçirilen sud diňlenişiginde, 2014-nji ýylda maliýe bidüzgünçilikleri üçin çykarylan şertli türme tussaglygynyň düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglyga geçirildi.
Ol we tarapdarlary bu aýyplamany korrupsiýa garşy göreşini bes etdirmek üçin ulanylýan basyş, syýasy äheňli jenaýat işi hasaplaýarlar we ret edýärler.
