123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Özbegistanda okaýan türkmenistanlylar pulsuz kösenýär

0
Özbegistanda okaýan türkmenistanlylar pulsuz kösenýär

Özbegistanyň ÝOJ-larynda okaýan türkmenistanly studentleriň ýarysyna golaýy, ene-atalaryndan pul almakda dörän kynçylyklar sebäpli, çynlakaý maliýe kösençliklerini başdan geçirýär we bergi-borja girýär diýip, “Turkmen.news” habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, soňky döwürde Özbegistanda okaýan türkmenistanly köpeldi we häzir diňe Urgenç döwlet uniwersitetinde 1182 türkmenistanly okaýar.

Olar esasan Daşoguz we Lebap sebitlerinden bolup, ýylda okuw üçin 2 müň dollar, ýaşaýyş jaýy üçin bolsa aýda 15 dollar töleg töleýär, munuň üstesine iýgi-içgi hem gerek, azyk önümleri bolsa ýyl başyndan ýene gymmatlady diýip, habarda aýdylýar.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň soňky dörän maliýe kynçylyklary Western Unionyň ýyl başyndan Türkmenistandaky işini togtatmagy bilen düşündirilýär.

Western Union ýanwar aýynyň ortalarynda işini gaýtadan başlady, ýöne öňküsinden has azaldylan çäklerde, Türkmenbankda we Türkmen-Türk bankynda iň ýokary serişde geçirmek mümkinçiligi aýda 150 dollardan 100 dollara, Senagat bankynda bolsa 192 dollardan 50 dollara çenli azaldyldy diýip, TN ýazýar.

Mundan başga, Wiza kartoçkasyna geçirilýän pul mukdarynyň hem 300 dollardan 100 dollara çenli azaldylandygy aýdylýar.

Türkmenistanly studentler häkimiýetler tarapyndan girizilýän ol ýa-da beýleki çäklendirmeler esasynda, ýyllar boýy yzlaryndan, ene-atalaryndan kömek puluny almakda kynçylyk çekýärler we daşary ýurtlarda, okuwdan soň dürli işlerde işläp, kanuny ýa bikanun ýagdaýda gazanç etmäge mejbur bolýarlar.

Bu kynçylyklar käte olaryň iş ýerleinde heläkçilige uçramagyna getirse, kähalatda jenaýata baş goşmagyna sebäp bolýar.

Mysal üçin, rus metbugatynyň golaýda beren habaryna görä, Galmygystanyň paýtagty Elistada, okuwynyň daşyndan işläp, abatlanýan söwda merkezinde gazanç etmäge çalşan  türkmen studenti heläk boldy.

Orsýetiň  “Interfaks” habar gullugynyň 15-nji ýanwarda çap eden habarynda abatlanýan söwda merkezinde ýykylan diwardan ejir çeken gurluşykçylaryň ikisiniň-de Russiýa Türkmenistandan okamaga gelendigi aýdylýar. Olaryň biri wakanyň bolan ýerinde jan berdi, beýlekisi bolsa hassahana ýerleşdirildi diýip, neşir habarly çeşmä salgylanyp ýazýar.

Bu maglumat Galmygystanyň prokuraturasy tarapyndan hem tassyk edilipdir.

Türkmen metbugaty daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe kynçylyklary we beýleki agyr meseleleri barada hiç bir maglumat çap etmeýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин назначил нового главу Стройкомплекса Москвы


Спорт в России и мире
Москва

РМОУ презентовал издательский проект «Притяжение Сочи» на форуме «Мы вместе. Спорт»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Шнайдер проиграла Бадосе на старте турнира WTA в Штутгарте


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об эффективности проекта «Генеральная уборка»





Путин в России и мире
Москва

Путин всё знал, но никого не предупредил: Немцы обвинили Москву в прорыве израильского Купола


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Очередные кадровые назначения объявлены в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Владимир Зеленский подтвердил ракетный удар по аэродрому в Джанкое


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Фрэнк Синатра

Мартин Скорсезе вернулся к идее 15-летней давности. Он снимет Леонардо ДиКаприо в роли Фрэнка Синатры



Москва

Reuters: российским чиновникам ужесточают правила выезда из страны

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net