123ru.net
World News in Turkmen

Rus polisiýasy koronawirus çäklendirmelerini bozan 1,1 million adama jerime saldy

014
Rus polisiýasy koronawirus çäklendirmelerini bozan 1,1 million adama jerime saldy

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, rus polisiýasy pandemiýa başlanaly bäri COVID-19 çäklendirmelerini bozandygy üçin 1 milliondan gowrak adama jerime saldy.

"Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri güýçlendirilen taýýarlyk, karantin ýa-da izolýasiýa düzgünleriniň berjaý edilmezligi sebäpli 1,1 milliondan gowrak administratiw jenaýat protokolyny düzdi” diýip, Içeri işler ministrliginiň 28-nji noýabrda TASS habar gullugyna beren maglumatynda aýdylýar.

Düzgün bozanlaryň köpüsine, 976 müňden gowrak adama adatdan daşary ýagdaý wagtynda saglyk protokollaryny bozandygy üçin jerime salyndy. Bu madda laýyklykda iň az jerime 1000 rubl (13 dollar) bolýar.

Russiýa 2,2 milliondan gowrak tassyklanan COVID-19 näsagy bilen dünýäde dördünji orunda durýar, wirus bilen baglylykda ýogalanlary sany 39 müň diýip hasaplanýar. Hakyky görkezijiler has ýokary bolmaly diýip çak edilýär.

Soňky hepdelerde hassahanalaryň näsag ýüküniň agralandygyna, keselhana düşýänleriň köpelmegine garamazdan, häkimiýetler petikleme çärelerini täzeden girizmekden ýa-da, Ýewropanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, kärhanalary ýapmakdan saklandylar. Muňa derek, rus sebitleri koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleri girizmek ýa girizmezlik babatda özbaşdak karara geldiler.

Hökümet oktýabr aýynda ýurt boýunça köp adamly ýerlerde hökmany maska geýmek düzgünini girizdi.

Мобильный 6
Загрузка...
Комментарии для сайта Cackle


Слухи, сплетни...








Новости Москвы на Moscow.media


Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.