Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Özbegistanda COVID-19 üçin Hytaýda öndürilen waksinany kliniki synagdan geçirmäge meýletinleri toplamak yglan edildi

0
Özbegistanyň Innowasiýa ösüşi ministri Ibrohim Abdurahmanow ýurtda koronawirusa garşy ulanyljak hytaý waksinasyny kliniki synagdan geçirmäge başlanýandygyny yglan etdi diýip, Kun.uz. saýty ýazýar.


Çeşmäniň maglumatyna görä, Hytaýdan Daşkende koronawirusa garşy 5000 sany waksina getirilipdir. Häzir waksinalaryň synagy üçin meýletinler gözlenilýär. Onuň synag möhleti dört aýa çeker.


Kun.uz. neşiriniň ýazmagyna görä, Innowasiýa ösüş ministri Ibrohim Abdurahmanow muny 7-nji noýabr güni žurnalistler bilen duşuşanynda mälim edipdir. Ministriň sözüne görä, ol synag diňe paýtagtyň maşgala poliklinikalarynda geçiriler. Meýletinleriň ýaşy 18 ýa-da ondan ýokary bolmaly. Hökümetler meýletinlere hak tölemäge mümkinçilik boljagyny wada berýärler.


Şeýle hem Özbegistana Hytaýdan dört sany bilermen gelipdir, ýene-de bäş adamyň gelmegine garaşylýar. Synag başlanmazdan öňürti olar waksinanyň şertleri barada trening geçirerler.


Özbegistana hytaý waksinasynyň getirilmegi üçin, ýurduň innowasiýa ösüşi ministrligi Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Mikrobiologiýa instituty hem-de Anhui Zhifei Longcom Biopharmaceutical kompaniýasy bilen gepleşik geçirdi.


Mundan öň ministrlik kliniki synaglaryň ähli derejeleriniň Özbegistanda üstünlikli geçen ýagdaýynda, waksinalary wagtynda satyn almaga hem arzan bahadan tölemäge mümkinçilik boljakdygyny aýdypdy.


Saglygy saklaýyş ministriniň birinji orunbasary hem-de Özbegistanyň Sanitar-epidemiologiýa abadanlyk agentliginiň direktory Bahodir Ýusupaliýew mundan öň Özbegistanyň koronawirusa garşy waksinany Hytaýdan ýa-da Orsýetden satyn almak mümkinçiligine garalýandygyny mälim etdi hem «waksinanyň howpsuzlyk hem peýda babatynda uly ähmiýetiniň bardygyny» öňe sürüpdi.


Russiýada koronawirus üçin iki waksina hasaba alyndy: olar Gamalei adyndaky Merkeziň döreden Sputnik V waksinasy hem-de Nowosibirskdäki «Wektor» Merkezinde döredilen «ЭпиВакКорона» waksinasydyr. Oktýabr aýynyň aýagynda Gamalei adyndaky Merkeziň direktory Aleksandr Ginsburg Sputnik V waksinasynyň synagyna gatnaşanlaryň birnäçesiniň koronawirus testi mahalynda oňyn netije görkezendigini aýtdy. Häzirki wagtda olarda kliniki synagyň 3-nji tapgyry geçirilýär, synaga 40 müň adam gatnaşýar.


Material Azatlyk Radiosynyň "Nastoýaşeýe Wremýa" gullugy tarapyndan taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net