Tihanouskaýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenmegi planlaşdyrýar
Tsihanouskaýanyň egindeşlerine görä, ol Howpsuzlyk Geňeşine 4-nji sentýabrda edaranyň hemişelik däl agzasy Estoniýanyň çakylygy boýunça wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlener.
Şeýle-de, Swýatlana Tsihanouskaýa dört günden Ýewropa Geňeşinde çykyş eder diýip, onuň metbugat wekili aýtdy.
Tsihanouskaýa 9-njy awgustda Belarusda geçirilen saýlawda prezidentlige kandidat bolup gatnaşdy we tarapdarlaryna görä, ýeňiş gazandy.
Belarusyň saýlaw edaralary Lukaşenkanyň ýeňendigini yglan edenden soň, Tsihanouskaýa goňşy Litwa gitdi.
1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Lukaşenkanyň ýeňiji yglan edilmegi ýurtda 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri iň uly protestlere getirdi.
Litwanyň prezidenti Gitanas Nauseda 31-nji awgustda eden çykyşynda öz ýurdunyň, Baltika goňşulary Latwiýa we Estoniýa bilen bilelikde 30-a golaý belarus resmisine, şol sanda Lukaşenka garşy syýahat sanksiýalaryny yglan edip, Belarusda saýlaw düzgünleriniň bozulmagyna we demonstrantlara garşy zorluga jogap berjekdigini yglan etdi.
