Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa ‘Belarus häkimiýetleriniň jenaýaty ýatdan çykmaz’ diýýär

0
Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa ‘Belarus häkimiýetleriniň jenaýaty ýatdan çykmaz’ diýýär

Indi 19-njy gün: Prezident Wladimir Putiniň Alýaksandr Lukaşenkany häkimiýet başynda mäkäm saklamaga ýardam bermek üçin rus howpsuzlyk güýçlerini Belarusa ýerleşdirmek ähtimallygyny yşarat etmegi bilen, Belarusdaky syýasy krizis has howply tapgyra girýär.

Ýurda rus güýçleriniň ýerleşdirilmegi ýalňyş bolar diýip, öz-özüni sürgün eden öňki prezidentlige dalaşgär we oppozisiýa lideri Swýatlana Tihonawskaýa aýtdy.  

“Bu biziň içerki problemamyz, bu içerki problemany belarus halky belarus hökümeti bilen çözmeli” diýip, Tihanowksaýa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Tihanowskaýa 28-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen Wilniýusdan gürleşdi. Ol Wilniýusa maşgalasyna atylan haýbatlaryň arasynda gaçyp barypdy.

Onuň 9-njy awgust prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenka bilen bäsleşjek bolan adamsy Sýarheý saýlawlardan öň tussag edildi we heniz hem tussaglykda galýar, habar berilmegine görä, ol Minskiň etegindäki bir türmede saklanýar. Iňlis dilinde ökde gürleýän ozalky öý hojalykçy eje Tihanowskaýa adamsy tussag edilenden soň, onuň işini öz üstüne aldy.

Soňra, ses berişligiň Lukaşenkanyň peýdasyna galplaşdyrylandygy baradaky aýyplamalar sebäpli oppozisiýa protestleriniň möwjemegi bilen, Tihanowskaýa medeniýet ulgamynda tanymal şahsyýetler bilen bileleşip,  oppozisiýanyň Utgaşdyryjy geňeşini döretdi.

Geňeşiň bellenilýän maksady täze saýlaw boýunça Lukaşenkanyň hökümeti bilen gepleşik geçirmek, saklanan protestçileriň boşadylmagy we prezidentiň häkimiýetden aýrylmak mümkinçiligi.

Ýöne Lukaşenka kejirlik bilen muny ret edýär. Soňky günlerde prokurorlar Geňeşe garşy jenaýat işini gozgap, onuň Minskde galan iki liderini tussag etdi, beýleki agzalaryny, şol sanda Nobel baýragynyň ýeňijisi Swetlana Aleksiewiçi sorag etdi.

Tutuş Belarusyň şäherçelerinde we şäherlerinde onlarça müň protestçi köçä çykdy. Minskde geçirilen iň uly ýygnanyşykda belki-de ýüzlerçe müň adam köçä çykdy. Oppozisiýanyň köçelere dökülmegi Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşyna iň uly päsgelçilik boldy.

AÝ/AR-a beren interwýusynda Tihanowskaýa ýene bir gezek Lukaşenkany wezipeden çekilmäge çagyrdy we onuň üçin wezipeden çekilip, zähmet ýoluny tamamlamagy “mynasyp” karar atlandyrdy.

“Ol wezipeden gitmegi ganly gyrgynçylyga öwrüp, halkyň ýigrenjini alman, diňe ýurdy uzak wagtlap dolandyran we halkyň haýyşy bilen wezipeden çekilen ilkinji prezident bolsa, bu ony gadyrly ederdi” diýip, ol aýtdy.

Lukaşenka erkin we adalatly saýlaw boýunça edilen çagyryşlara garşy çykmak bilen bir hatarda,  demonstrantlara garşy has ýowuz çemeleşjekdigini hem yşarat etdi.

Belarusyň iň möhüm ykdysady we strategiki hyzmatdaşy bolan Russiýa tolgunyşyklary ýakyndan synlaýar. Kreml planlaýjylary haçan-da 2014-nji ýylda Ukrainada köpçülik protestleri russiýaçy prezidentiň wezipeden çekilmegine getirende bolan wakalaryň gaýtalanmagyndan ägä bolýarlar.

Kremliň krizise potensial gatyşygynyň ähmiýetini görkezip, Lukaşenka saýlawdan bäri Putin bilen azyndan bäş gezek telefon söhbetdeşligini geçirdi.

27-nji awgustda Russiýanyň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda Putin Lukaşenkanyň haýyşy boýunça Russiýanyň ýörite howpsuzlyk güýjüni döredendigini mälim etdi. Bu Moskwanyň Belarusa fiziki taýdan gatyşmagynyň mümkindigini görkezýän şu wagta çenli iň açyk alamat boldy.

“Biz ýagdaý gözegçilikden çykmasa, muny ulanmazlyk boýunça hem ylalaşdyk” diýip, Putin aýtdy.

Tihanowskaýa Putiniň sözleriniň aýdyňdygyny aýtdy. Ýöne ol rus güýçlerini getirmegiň zerur däldigini nygtady. Şeýle-de, ol häkimiýetleriň ýowuz çäreleri girizmäge bahana tapmak üçin, bilkastlaýyn zorluga meçew bermäge synanyşyp, “prowakasiýa” edýän bolmak ahtimallygy barada duýduryş berdi.

“Nähilidir bir ‘kömek’ üçin polisiýany ýa-da kimdir birini getirmegiň hajaty ýok, sebäbi bizde arassa parahatçylykly protestler bar” diýip, ol aýtdy. “Belarus halkynyň arasynda, hiç kim meselä zorlukly çözgüt islemeýär”

Ol Lukaşenka işden öz islegi bilen zorluksyz çekilmeli diýdi, ýöne protestçileri nyşana alýan zorluklara we süteme görkezme beren resmileriň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.

“Gynansak-da, häkimiýetler ýatlardan pozulmajak jenaýat etdiler” diýip, ol aýtdy.

“Belaruslylar öçli däl. Ýöne, meniň pikirimçe, eger abraý bilen gitmek mümkin bolsa, onda belki-de bu Lukaşenkanyň ykbaly üçin örän ýeňil şert bolar. Men ähli zadyň oňatlyk bilen gutarmagyny isleýärin. Meniň boşluga çümesim gelenok” diýip, Tihanowskaýa aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве выполнена модернизация уже 10 газопроводов-дюкеров


Спорт в России и мире
Москва

Росгвардейцы обеспечили безопасность во время футбольного матча в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Даниил Медведев

Медведев обыграл Бублика и вышел в четвертьфинал "Мастерса" в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Зеленое царство – обзор новостроек рядом с «Лосиным островом»





Путин в России и мире
Москва

Больше 4 тысяч ветеранов войны из Новосибирска получат письма от Путина к 9 мая


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

В Минске одобрен проект соглашения о системе таможенного транзита ЕАЭС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Linkin Park

Linkin Park воссоединяются и едут в тур. Место Честера Беннингтона займет неизвестная вокалистка



Москва

Диетолог Макиша: витамин К в ряде случаев может привести к образованию тромбов

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net