ÝB Belarusyň saýlaw netijelerini ret edýän mahaly, belaruslylar Lukaşenka garşy çykýar
9-njy awgustdan bäri ýüzlerçe adam köçelere çykyp, iş taşlaýyşlar köp sanly döwlet edara-kärhanalaryň işini bökdeýän mahaly, Lukaşenka 19-njy awgustda Içeri işler ministrligine saýlaw netijelerine garşy geçirilýän protestleri ýatyrmagy buýruk berdi.
Ýewropa Bileleşigi krizis boýunça gyssagly sammit geçirdi. ÝB Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel sammitden soň, 27 agzaly bileleşigiň pozisiýasynyň örän aýdyňdygyny aýtdy. “Zorlugy bes ediň!” diýip, ol aýtdy.
Ýüzlerçe protestçi howpsuzlyk güýçlerine garşy çykyp, 19-njy awgust agşamynda Içeri işler ministrliginiň öňüne ýygnandy. Ol ýere köp sanly ofiser ýerleşdirildi, ýöne olar hiç hili çäre görmedi.
