Apple bazar bahasy 2 trillion dollara ýeten ilkinji ABŞ kompaniýasy boldy
Tehnologiýa läheňi Apple 19-njy awgustda bazar bahasy 2 trillion dollara ýeten ilkinji ABŞ kompaniýasy boldy. iPhone öndüriji bu kompaniýa 2018-nji ýylyň mart aýynda bazar bahasy 1 trillion dollara ýeten ilkinji kompaniýa bolupdy.
Apple kompaniýasyndan soň “Amazon”, “Microsoft” we “Google-yň” eýesi “Alphabet” ýaly tehnologiýa kompaniýalary bar. Häzirki wagtda olaryň bazar bahalary hem 1 trillion dollardan ýokarydyr.
Apple-iň üstünligi pandemiýa sebäpli ABŞ-da işgärleriň öýden işlemek tertibine geçmeginiň fonunda tehnologiýa paýnamalarynyň bahalarynyň ýokarlanýan wagty boldy.
2020-nji ýylda Apple “Nasdaq” biržasynda azyndan 30 gezek, şol sanda 19-njy awgustda rekord goýdy.