123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

Belarus çaýkanýar, saýlawdan soňky protestler tapgyr üçünji gije dowam etdi

0
Belarus çaýkanýar, saýlawdan soňky protestler tapgyr üçünji gije dowam etdi

Belarus 11-nji awgustda, prezidentiň baş bäsdeşi Swetlana Tihanowskaýa, hökümetiň oppozisiýa garşy görýän basyş çäreleriniň güýçlenmeginiň arasynda Litwa gidenden soň,  saýlawlardan soňky protestleriň tapgyr üçünji gijesine şaýat boldy.

Pitnä garşy polisiýa paýtagt Minskdäki demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok we ses granatlaryny ulandy, göni alnyp görkezilýän wideolar we sosial media adamlaryň birnäçe ýerde polisiýa tarapyndan tussag edilendigini görkezýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy häkimiýetleriň de-fakto komendant sagady düzgünlerini ulanyp, köçede gezip ýören adamlary tussag edýändigini, awtoulaglary saklaýandygyny we käbir sürüjileri tussag edendigini, jemgyýetçilik transportynyň çäklendirilendigini habar berdi. Elleri galkanly we rezin taýakly polisiýa işgärleri adamlara, žurnalistlere we signal berýän awtoulaglara hüjüm etdi.

Howpsuzlyk güýçleri adamlaryň merkezi meýdançalarda we administratiw binalaryň golaýynda ýygnanmagynyň öňüni almaga synanyşdy. Puşkin metro stansiýasynda, 10-njy awgustda adam ölen ýerinde, ýogalan adamy hormatlamak üçin gül we ak lenta goýmaga gelen birnäçe adam tussag edildi. Bu ýeriň şäherde nägilelik meýdançasyna öwrülmegine garaşylýar.

Gündogar Ýewropa ýurdunyň beýleki birnäçe şäherinde hem demonstrasiýaçylar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Protestler öňki gijelere garanyňda biraz kiçelen ýaly bolup göründi, 9-njy awgustda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşyny uzaldýan galp saýlaw netijelerine garşy, gazaply basyp ýatyrmalara garmazdan, öňki gijelerde on müňlerçe adam nägilelik bildirdi.

Synçylar bu ýagdaýyň protestleriň merkezleşdirilmän, şäheriň dürli ýerlerine ýaýramagy, netijede howpsuzlyk güýçleriniň tutuş paýtagta gözegçilik etmäge mejbur edilmegi  bilen bagly bolmak ähtimallygyny belleýärler. Mundan başga, adamlaryň jemlenýän ýerleri barada habar almazlyklary üçin, internet hyzmaty hem ýatyryldy.

Saýlawdan bäri 5000-den gowrak adamyň tussag edilmegine, 200-e golaý adamyň keselhana ýerleşdirilmegine we bir adamyň ölmegine sebäp bolan gazaply basyp ýatyryşlar Merkezi saýlaw komissiýasy Lukaşenkanyň 80 göterimden gowrak ses alandygyny yglan edeninden soň başlandy. Resmi maglumata görä, prezidentiň saýlaw garşydaşy Tihanowskaýa 10 göterimdenem az ses aldy.

Soňky demonstrasiýa 11-nji awgustda, Tihanowskaýa Litwada peýda bolup, onuň ses berişligiň resmi netijesi barada şikaýat etmek üçin Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň baş edarasyna barandygy barada çykan habarlardan soň geçirildi.

Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna öz ýurdunyň, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, Tihanowskaýany kabul edendigini, sebäbi "ol ýerde howp elementiniň bolandygyny" aýtdy.

"Biz onuň kän bir seçgisiniň bolmandygy, ýa ýurtdan çykmaly, ýa-da gowy bolmajak netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolmalydygy barada netije çykaryp bileris" diýip, Linkewiçus aýtdy.

11-nji awgustda ýaýradylan we adamsy Syarheý Tihanowskiniň YouTube kanalynda çap edilen  wideoda Tihanowskaýa, öňünden taýýarlanan beýanaty okaýan şekilde, aladaly ýagdaýda, özüniň Belarusy terk etmek kararyna gelendigini aýtdy.

Litwanyň daşary işler ministri Azatlyk radiosyna Tihanowskaýanyň Litwada hiç hili wideo ýazgysyny etmändigini aýtdy we onuň bu sözleri aýdanda belarus häkimiýetleriniň basyşy astynda bolandygyny ýaňzytdy.

"Adam basyş astynda bir karara gelende, onuň aýdan sözleriniň sözme-söz kabul edilip bilinmejekdigine düşünýän bolsaňyz gerek" diýip, Linkewiçus aýtdy.

"Men gaty kyn karara geldim" diýip, Tihanowskaýa adamsynyň Litwa sag-aman geleninden soň paýlaşan wideosynda aýtdy.  "Bu karara men özbaşdak geldim. Ne dostlar, ne-de garyndaşlar, ne kampaniýa topary ýa-da Syarheý, muňa hiç bir jähetden täsir edip bilmez. Köpleriň maňa düşünjekdigini, köp adamyň meni ýazgarjakdygyny we köpüsiniň meni ýigrenjekdigini bilýärin., Ýöne, bilýärsiňiz, meniň öňümde keseren saýlaw-seçgi bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan sizi hudaý saklasyn" diýip, ol aýtdy.

Prezidentlige kandidatyň ýarany Mariýa Kalesnikawa 11-nji awgustda bu wideo beýanatyň Tihanowskaýanyň Minskdäki saýlaw komissiýasynyň baş edarasyna resmi şikaýat etmäge baryp, ol ýerde ýeke özüniň aklawçysyz, "ýokary derejeli hukuk goraýjy" işgärler tarapyndan üç sagatlap saklanan wagtynda ýazgy edilendigini aýtdy.

"Swetlana ol ýerde bolanda biz bilen aragatnaşyk saklamady. Ol wideo şol ýerde geçirilen üç sagadyň netijesi" diýip,  Kalesnikawa aýtdy.

11-nji awgustda belarus hökümetine tarapdar telegram kanalynda, "Žýoltyýe Sliwide" görkezilen ikinji wideo klipde Tihanowskaýanyň şol bir eşikde, Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygynyň ofisindäki diwana bir almany iki bölen ýaly meňzeş diwanda oturandygyny görkezdi.

Ol wideoda Tihanowskaýa wideo kamerasyna seretmezden, kagyz ýüzündäki beýanaty höwessiz okap, ähli belaruslyny "gowy pikirlenmäge", köpçülikleýin protestlere gatnaşmazlyga we "kanuna hormat goýmaga" çagyrdy.

"Men gan we zorluk islämok. Men siziň polisiýa garşy durmazlygyňyzy haýyş edýärin. Janyňyzy howp astyna salyp, skwerlere çykmaň. Özüňize we ýakynlaryňyza esewan boluň" diýip, Tihanowskaýa 37 sekuntlyk wideoda aýtdy.

Tihanowskaýanyň metbugat sekretary Wolha Kawalkowa 11-nji awgustda Belarus häkimiýetleriniň Tikhanowskaýany ýurtdan çykarandygyny aýtdy.

"Swetlananyň başga çäresi ýokdy" diýip, Kawalkowa aýtdy. "Onuň azat we diri bolmagy möhüm. Ol kampaniýanyň başlygy Mariýa Maroz bilen bilelikde gitdi. Emma Swetlananyň toparynyň bir bölegi bu ýerde, Belarusda zamunlykda saklanýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kawalkowa Tihanowskaýanyň kampaniýa toparynyň indi iki esasy maksadynyň bardygyny, olaryň Belarus halkynyň saýlawyny goramakdan we zorlugy hem-de gandöküşligi duruzmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Tihanowskaýa meşhur blogçy we oppozisiýadan potensial dalaşgär bolan adamsy tussag edilenden soň bäsleşige girdi.

Ýewropa Bileleşigi 11-nji awgustda Belarusdaky ses berişligiň "ne erkin, ne-de adalatly" bolandygyny yglan edip, parahatçylykly demonstrantlara garşy zorluga we saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylmagyna jogapkärlere garşy sanksiýa girizjekdigini duýdurdy.

Birleşen Ştatlar hem saýlawlaryň netijelerine we demonstrantlara garşy güýç ulanylmagyna alada bildirdi.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Завершаем строительство московского городского вокзала Щербинка


Спорт в России и мире
Москва

Блиц-матч по шахматам между двумя командами провели в павильоне «Спорт для каждого»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Азаренко вышла в полуфинал турнира WTA-1000 в Майами


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Татьяна Марчук выпустила альбом «Экопесенки» на лейбле Riki Music





Путин в России и мире
Москва

Москва готовится к ракетным ударам по аэродромам НАТО?


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Киев признал стагнацию ВСУ по всей линии фронта


Навальный в России и мире
Москва

Силовики задержали за сутки пятерых журналистов, часть проходит по делу об «участии в работе ФБК», одного жестоко избили при задержании



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Елена Волкова

Перенос дат II этапа культурного проекта «Классика: история и современность» в Дмитрове



Москва

Коридор затмений до 8 апреля: как правильно загадывать желания

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net