123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

Täjigistanyň transport ministriniň öz janyna kast etmek synanyşygynyň käbir sebäpleri aýan bolýar

0
Täjigistanyň transport ministriniň öz janyna kast etmek synanyşygynyň käbir sebäpleri aýan bolýar

Täjik hökümetiniň habar bermegine görä, Täjigistanyň transport ministri Hudoýor Hudoýorzoda öz janyna kast etjek bolanynda, hossarlary ýetişip, ony ölümden halas etdiler. Häzirki wagtda transport ministrliginiň ýolbaşçysy keselhanada ýatyr.

Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň mälim etmegine görä, 11-nji awgustda ýüze çykan bu hadysa maşgalada dörän konflikt sebäp bolupdyr.

«62 ýaşly Hudoýor Hudoýorzoda maşgala agzalary bilen dawalaşandan soň, ýaşaýan ýeri Duşenbe şäherinde özüni öldürmek üçin, aşhanadaky pyçak bilen özüni ýaralapdyr» diýip, Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň 11-nji awgustdaky maglumatynda aýdylýar.

Çeşmäniň aýdyşyna görä, Hudoýorzodanyň aýaly hem maşgala agzalary şol wagtda öýde bolansoň, ýagdaýy görüp, oňa ilkinji medisina kömegini beripdirler.

«Häzirki wagtda Hudoýorzoda “Istiklol” keselhanasynda bejergi alýar. Hirurgiýa operasiýasyndan soň, onuň ýagdaýy kanagatlanarly, wraçlaryň gözegçiliginde galýar» diýip, Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň habarynda aýdylýar.

Kanun gözegçiligi edarasy Azatlyk Radiosynyň žurnalistine bolan ýagdaýy tassyklady hem hadysa boýunça jenaýat işiniň açylandygyny mälim etdi. Häzir derňew işleriniň barýandygy sebäpli, derňew gutarýança, hadysanyň ýüze çykmagy barada kommentariýa bermekden saklanýandygyny-da mälim etdi.

Ýokary wezipeli çinownigiň maşgala agzalaryndan hem düşündiriş almak başartmady. Ministriň gapysyny ýaş ýigit aýdy. Bolan ýagdaý barada žurnalistiň sowalyna ýuwdunyp durdy-da, “hiç zat bolanok” diýip, çalt gapynyň aňrysynda ýitirim boldy.

Hudoýor Hudoýorzodanyň aýal dogany Azizahonym Azatlyk Radiosynyň telefon gepleşiginde, doganynyň keselhana ýerleşdirilendigini eşidendigini, ýöne onuň bilen näme bolanyndan habarsyzdygyny aýtdy.

“Istiklol” medisina merkeziniň ýolbaşçylary Transport ministriniň saglyk ýagdaýy barada resmi maglumat bermekden ýüz öwürdiler. Ýöne wraçlardan biri gizlinlik şerti bilen Hudoýorzodanyň garnyndan iki gezek pyçak bilen ýaralanandan soň, keselhana getirilendigini mälim etdi.

Häzirlikçe beýleki çeşmeler bu maglumaty tassyk etmediler we ýalana-da çykarmadylar.

Ministriň öz janyna kast etmegi olaryň goňşularyna ýiti täsir edipdir, olar ýüze çykan ýagdaýy sosial ulgamdan bilipdirler. «Ol öz janyna kast eder diýseler, hiç kim ynanmaz» diýip, ministriň goňşularyndan biri aýdýar.

Mähelledäki jaýlar toplumynyň ýolbaşçysy Arusmo Pirowa Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, ministriň öz janyna kast etmegi baradaky habary eşidenden soň, onuň öýüne barandygyny aýdýar. «Hudoýorzodanyň aýalynyň gan basyşy örän ýokary eken, ol gepleşmäge ýaramady. Men başardygymdan, ministriň gyzyny köşeşdirmäge çalyşdym. Bizde ministriň maşgalasy örän göreldeli saýylýar, olarda öň konflikt bolmandy, ol hem onuň aýaly örän gowy adamlar bolmaly. Hudoýorzodanyň özüni pyçaklandygyny eşidenimde, muňa gaty geň galdym» diýip, Pirowa gürrüň berdi.

Hudoýor Hudoýorzoda transport ministrligine 2017-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär. Mundan öň ol Dagly-Badahşan awtonom oblastynyň mejlisiniň deputaty bolupdy, Täjigistanyň parlamentiniň ýokary öýi – Majlisi Millide agza hem Ruşan raýonynda jogapkär wezipede işledi.

Täjigistanyň Baş prokurory Ýusuf Rahmon şu ýylyň aprel aýynda Majlisi Millide çykyş edip, 2019-njy ýylda ýurt boýunça öz janyna kast etmek synanyşygyna degişli 632 faktyň bardygyny aýtdy. Onuň sözüne görä, bu çäräniň öňüni almak üçin, hökümet ýörite programma kabul edipdir hem özüni öldürmäge synanyşýanlar bilen profilaktika çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Ol maksatnama 2023-nji ýyla çenli amala aşyrylar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Täjigistanda özüni öldürmäge ýüz urýanlaryň esasy sebäbi maşgalada ýa-da iş ýerinde döreýän gapma-garşylyk, maddy ýetmezçilikleriň kynçylygy, gabanjaňlyk, psihiki keseller hem narkomaniýa bolup durýar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: заммэра Москвы Бочкарев переходит на другую работу


Спорт в России и мире
Москва

«Фонкод» отметили в народном голосовании Всероссийского конкурса спортивных проектов


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина провела первую тренировку в Штутгарте. Видео


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Поможем природе вместе — творческий конкурс экоподелок «Турбозавров» и детского познавательного телеканала О!





Путин в России и мире
Москва

IV Конгресс молодых ученых пройдет 20-22 ноября в Сириусе | Новости науки


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

У помощника Лукашенко по общим вопросам нашли три квартиры в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Тимати

Мама Тимати поделилась милым видео с внучкой Алисой: одна деталь встревожила фанатов



Москва

Первый доктор архитектуры в Якутии: Клим Туралысов

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net