Özbegistanda hasaba alnan koronawirus näsaglarynyň sany 7500-den geçdi
Saglyk ministrliginiň habaryna görä, 27-nji iýunda, sagat 17: 00-a çenli Özbegistanda koronawirus ýokuşandygy ýüze çykarylanlryň sany 61 adam artyp, 7551-e ýetdi.
Karantin merkezindäki raýatlaryň arasynda 38 sany täze ýagdaý ýüze çykaryldy, olaryň hemmesi daşary ýurtdan gelen adamlar.
Daşkentde – 22 näsag ýüze çykaryldy, olaryň 12-si ilatyň arasynda, 10-sy hassalar bilen aragatnaşykda we karantinde bolup keselläpdir. Ýene bir adam bolsa, Daşkent sebitinde, ilat arasynda wirus bilen keselledi.
Ýurtda koronawirusdan gutulanlaryň umumy sany 5240-a ýetdi. 2468 näsag bejergi alýar. Koronawirusdan 20 adam öldi.