Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Marynyň bazarlarynda daşary ýurt günebakar ýaglary peýda boldy

0
Mary welaýatynyň bazarlarynda we hususy eýeçilikdäki dükanlarda daşary ýurtlardan import edilen günebakar ýaglarynyň birnäçe görnüşi peýda boldy. Azatlyk Radiosynyň bu barada Baýramaly şäherinden habar beryän habarçysy mundan ozal hususyýetçilerde diňe "Oleyna" günebakar ýagynyň satylandygyny aýtdy.




"Günebakar ýaglarynyň arasynda "Oleyna", "Şedroýe leto" (Шедрое лето), "Donskoý kuren" (Донской курень), "Violio" atly ýaglar bar. Olar 30-40 manat aralygynda satylýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji iýunda gürrüň berdi.


Şol bir wagtda, habarçy olaryň arasynda "Donskoý kuren" atly ýagyň hiliniň juda pesdigini we ony satyn alan adamlaryň tas ählisiniň hilinden şikaýat edýändigini hem aýtdy.


"Bu ýagyň ýiti ýakymsyz ysy bar. Ýagda basylan möhlet şu ýyly görkezýär, ýöne çig esgi bilen möhüri süpürseň, ol ýeňillik bilen aýrylýar. Ol ýaglaryň arasynda iň arzany bolup, onuň 1 litri 30 manatdan satylýar" diýip, habarçy belledi.


Agzalýan ýagyň hiliniň ýaramazdygy baradaky maglumaty beýleki bir habarçymyz hem tassyklap, oňa nahar taýýarlamagyň mümkin däldigini aýtdy.


"Biz özümiz hem "Donskoý kuren" atly ýagy satyn aldyk. Onuň gaty aýylganç ysy bar" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren beýleki bir maryly habarçymyz 24-nji iýunda gürrüň berdi.




Azatlyk Radiosy bu barada "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugyndan we Mary welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.


Şol bir wagtda, habarçy döwlet dükanlarynda günebakar ýagynyň satylmaýandygyny aýdyp, şu günler bularda diňe pagta ýagynyň satuwa çykarylýandygyny belledi.


"Gara pagta ýagynyň 1 litri 7 manatdan bahalanýar. Ýöne ilat bu ýagy döwlet dükanlaryndan aýda diňe bir gezek satyn alyp bilýär" diýip, habarçy aýtdy.


Şeýle-de, ol döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň nobatlarynyň saklanyp galýandygyny we bularyň esasan çörek nobatlarydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.


"Beýleki harytlar her gün satylmaýar. Adamlar un, ýag we şeker ýaly harytlary satyn almak üçin günde diýen ýaly dükanlardan habar tutup durýarlar" diýip, habarçy belledi.


Türkmenistanda üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda we bazarlarynda käbir azyk önümleriniň ýetmezçiligi dowam edýär.


Mart aýynda koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýurduň döwlet serhetlerinde ýük gatnawlarynyň tertibine täzeden seredilenden soň, ýurtda sogan, ýer alma, günebakar ýagy ýaly käbir azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy emele gelipdi.




Döwlet dükanlarynda bolsa, öňden hem gyt bolan şeker, un, çörek, ösümlik ýagy, towuk budy we ýumurtgasy ýaly azyk önümleriniň söwdasy barha kynlaşdy we gymmatlady.


Mundan iki hepde öň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki döwlet dükanlarynda gyt iýmit önümlerini azyk kartlary boýunça satyn almak düzgüni girizildi.


Şu aýyň başynda Baýramalyda gyt azyk önümleriniň ilata satylýan mukdarynyň azaldylandygy, ýöne bahalarynyň ýokarlandyrylandygy habar berildi.


Şeýle-de, ýurduň käbir döwlet dükanlarynda azyk önümlerini diňe bank kartlary esasynda satyn alyp bolýan bolsa, olaryň käbirinde diňe nagt görnüşinde satyn almak düzgüni girizildi.


Munuň bilen bir wagtda, ýurduň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiliginiň ýitileşen mahaly, ilat öz zähmet haklaryny, pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär.


Türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, azyk gytçylygyny we munuň bilen bagly ilatyň başdan geçirýän problemalaryny aç-açan boýun almaýar. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net