Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nazarbaýewiň koronawirus testi “oňyn” çykansoň, ol öz-özüni üzňeleşdirýär
18-nji iýunda Nazarbaýewiň metbugat gullugy öňki prezidentiň häzirki wagtda öz-özüni çetleşdirendigini hem-de uzak aralykdan işlemäge dowam edýändigini aýtdy.
79 ýaşly Nazarbaýew nebite baý ozalky sowet respublikasyny 30 ýyl töweregi dolandyryp, geçen ýylyň mart aýynda wezipeden çekilýändigini mälim etdi.
Ýöne ol hökümet başyndaky Nur-Otan partiýasyna hem-de ýurduň güýçli Howpsuzlyk geňeşine baştutanlyk etmäge dowam edýär.
Nazarbaýewiň garşydaşlary onuň häzirki prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň işlerine gözegçilik edip, 18 million ilatly ýurdy iş ýüzünde dolandyrmaga dowam edýändigini aýdýarlar.
