Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Türkmenistanda agyr pnewmoniýa möwç alýar, ýerli lukmanlar COVID-19 diýýärler

0
Türkmenistanda agyr pnewmoniýa möwç alýar, ýerli lukmanlar COVID-19 diýýärler

Türkmenistanda ilat arasynda agyr pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseliniň ýaýramagy möwç alýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 10-njy iýunda habar bermegine görä, hususan-da Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasy öýken çişmesi bilen kesellän hassalardan hyryn-dykyn. Ýurt häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýtmagyny dowam etdirýärler.  

Aşgabadyň Ýokanç keseller merkeziniň işgärleriniň gizlinlik şerti bilen gürrüň bermegine görä, öýken çişmesiniň möwç almagyna degişli ýagdaý agyr, käbir hassalar oran erbet halda gelýärler, ölýänler bar.    

"Keselhananyň lukmanynyň gürrüň bermegine görä, düýn Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan Nohur obasyndan gartaşan adam getirilipdir. Ol agyr dem alýardy, flýuorografiýa etmek kararyna gelindi. Emma agyr ýagdaýdady we rentgen apparatynyň ýanynda jan berdi. Onuň kim bilen kontaktda bolandygyny häzir anyklaýarlar", diýip, habarçymyz keselhananyň işgärlerine salgylanyp, habar berýär.   

Lukmanlar häzir tutaşan pnewmoniýanyň COVID-19 keselinden başga zat däldigini hasap edýärler.

"Lukmanlaryň pikirine görä, munuň koronawirusdygyna hiç hili şübhe ýok. Emma test geçirmäge we koronawirus barada asla geplemäge rugsat bermeýärler. Lukmanlar garry adamlary has gorap saklamak, olaryň hiç ýere çykmazlygy barada duýdurýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 10-njy iýunda aýtdy.  

Aşgabadyň Ýokanç keseller merkezinden resmi taýdan kommentariý alyp bolmady.

10-njy iýunda Azatlyk Radiosyna koronawirus bilen Lebap we Daşoguz welaýatlarynda kesellän adamlar barada ençeme maglumat mälim boldy. 

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ýagdaýlaryň birinde ýerli köpuguly keselhanada anesteziolog lukmanyň şepagat uýasynda COVID-19 tapylypdyr. Ony tutuş maşgalasy bilen, şeýle-de işde kontakta bolan adamlar we ýaşaý ýerinde kibir goňşulary bilen bilelikde karantine alypdyrlar. 

Azatlyk Radiosyna şepagat uýasynyň ady we bu ýagdaýyň beýleki jimmie-jikleri mälim boldy, emma biz olaryň üstüni açmakdan saklanýarys. 

Çeşmämiz zenana keseliň Hytaýdan gelen student gyzdan ýokaşan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Student gyzyň ýagdaýy agyr bolup, operasiýa edilipdir, emma ýogalypdyr. Şepagat uýasy anesteziologa ýardam beripdir.     

Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynda COVID-19 keselinden ýogalan birnäçe adam barada mälim boldy, emma biz şol maglumatlary beýleki çeşmelerden entek doly tassyklap bilmedik. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bolmagynyň ähtimaldygyny doly ret edýärler. Üstesine, lukmanlara keseli anyklap, hasaba almaga, ilata hem koronawirusy agzamaga ýol bermeýärler.  

Türkmen ýolbaşçylary COVID-19 keseliniň ýurt içinde ýokdugyny aýdýarka, halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň resmileri koronawirus barada açyk we dogry malumat bermegiň zerurlygynyna ünsi çekip,bu meselede jogapkärçilige çagyrýarlar.   

"Men habarly #Türkmenistanyň hökümeti özünde COVID-19 bilen bagly ýagdaýyň ýokdugyny aýdýar - ýekejesiniň-de! Aýdyňlyk we hökümetiň hasabat bermegi jemgyýetçilik saglygy saklaýyşyndaky krizisleriň çözgüdiniň zerur bölekleri bolup durýar we hökümetleriň doly we takyk informasiýa bermek boýunça jogapçiligi bar" diýip ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Jeýms S.Gilmor 10-njy iýunda Twitterde ýazdy.

"Deep knowledge" toparynyň maglumatyna görä, koronawirusdan azatdygyny aýdýan Türkmenistan Merkezi Aziýada täze görnüşli koronawirus bilen baglylykda iň howply ýurt bolup durýar.

Türkmenistan BSG-niň COVID-19 keseliniň ýaýramazlygy üçin beren esasy maslahatlarynyň ençemesini berjaý etmeýär. Sosial aralygy saklamak we maska dakynyp infeksiýanyň ýaýramagyndan goranmak ýaly rekomendasiýalar Türkmenistanda düýpden ýerine ýetirilmeýär. Türkmen hökümeti ilat arasyndan koronawirus keseline barlag geçirmek boýunça işleri we olaryň netijelerini köpçülige habar bermeýär. 

Maý aýynyň ortalarynda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň keselhanalaryna welaýatlardan gelip, koronawirusa mahsus simptomlar bilen ýüz tutýanlaryň köpelendigini, şeýle-de paýtagtyň gonamçylyklarynda jaýlanýanlaryň gün-günden köpelýändigini habar beripdi. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Уникальная спецтехника помогает бесперебойной работе метро Москвы


Спорт в России и мире
Москва

Хоккейный клуб из Балашихи выиграл Кубок Регионов


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Касаткина проиграла Путинцевой и не смогла выйти в 1/4 финала турнира WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

"Экобас" не для Невы: стильные электросуда для Москвы делают в Ленобласти





Путин в России и мире
Москва

Президент России Владимир Путин подтвердил проведение XVI Международного военно-музыкального фестиваля «Спасская башня»


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

«Набей им морду, покажи им, что ты настоящий белорус». Лукашенко о поездке спортсменов на Олимпиаду




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Цинизм зашкалил: Елена Зеленская повеселилась в Киеве с герцогиней Эдинбургской


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Баста

«Папа сегодня в Кемерово, и здесь кайф»: как Баста собрал стадион кузбассовцев



Москва

Шесть человек пострадали в результате ДТП с маршруткой в Москве

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net