Dünýä liderleri Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşýarlar
Dünýäniň 35 töweregi ýurdunyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, howpsuzlyk liderleri we diplomatlary 14-nji fewralda öz işine başlaýan Mýunhen Howpsuzlyk Konferensiýasyna gatnaşýarlar. Konferensiýa ýaranlaryň arasyndaky dartgynlylyklaryň we dünýäniň dürli künjeklerindäki ganly konfliktleriň fonunda geçirilýär.
16-njy fewrala çenli dowam etjek bu çärä Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň, Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeauniň we NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Konferensiýa gatnaşjak ýokary derejeli diplomatlaryň arasynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif hem bar.