Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

Dilegçilik edýänler köpelýärkä Aşgabadyň polisiýasy ilaty hüşgär bolmaga çagyrýar

0
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda soňky aýlarda dilegçilik edýän we ýaşaýyş jaýlara aýlanýan adamlaryň köpelýän wagtynda polisiýanyň ilaty hüşgär bolmaga çagyrýandygyny habar berýärler. 


Habarçylarymyzyň sözlerine görä, polisiýa ýerli ýaşaýjylary öýlere aýlanyp, köne zatlary ylalaşylan bahadan satyn almagy ýa-da satmagy teklip edýän adamlardan ägä bolmaga çagyrýar. 


"Käbirler dürli bahanalar bilen jaýlara girmäge synanyşýarlar we daş töweregini öwrenip, zatlary ogurlaýarlar. Şonuň üçin polisiýa işgärleri gapylary açmazlygy we gelenleri jaýa salmazlygy duýdurýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, 6-njy fewralda habar berdi. 




Habarçymyzyň sözlerine görä, bu duýduryşlar dürli ýagdaýlaryň ýüze çykmagy we jenaýatçylygyň köpelmegi bilen bagly. Häzirki wagtda öýlere aýlanýan adamlar köpelýär, köpçülik öýlere aýlanyp azyk, geýim, iýmit üçin ownuk pul soraýan bolsa, olaryň arasynda köne zatlary satyn alýanlar hem duş gelýär. 


"Aşgabatda adamlar jaýlara aýlanyp, azyk, egin-eşik ýa-da iýmit üçin pul soraýarlar. Mundan başga, köne geýim, gap-çanak, öý goşlaryny satyn almagy ýa-da satmagy teklip edýärler. Dürli ýagdaýlar we jenaýatçylyklar hem köpeldi. Şunuň bilen baglylykda, polisiýanyň bölüm işgärleri ilaty gapylary açmazlyga we nätanyş adamlara ynanmazlyga ündeýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.




 


 


Habarçylarymyz, polisiýa tarapyndan duýduryşlaryň şu ýylyň başyndan bäri berlip başlanandygyny anykladylar. Munuň üçin polisiýa işgärleri öz gözegçiligindäki jaýlara öýme-öý aýlanýarlar. 


"Polisiýa işgärleri öz bölümlerine berkidilen jaýlara aýlanyp, ýaşaýjylar bilen gepleşýärler. Has ekabyrrak ýa-da wagtlaýyn işsiz käbir ýaşaýjylary hyzmatdaşlyga çagyrýarlar. Hususanda-da, telefon nomerlerini berip, ähli şübheli adamlar we bolup geçýän ýagdaýlar barada habar berip durmagy soraýarlar" - diýip, habarçymyz aýdýar. 


Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar ýurtda ykdysady krizisiň ýaramazlaşýan döwründe ýaşaýjylaryň maddy ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny, şeýle-de jemgyýetde ruhy çökgünliligiň güýçlenýändigini belleýärler. 


​Soňky aýlarda Aşgabadyň zir-zibil taşlanýan ýerleri garyp adamlar üçin gün-güzeran görmegiň çeşmesi bolýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hapa taşlanýan gapyrjaklary dörýän adamlaryň köpelendigini, bu ýerde zir-zibillere dalaş edýän adamlaryň peýda bolýandygyny birnäçe gezek habar beripdi.


Mundan başga-da, paýtagtyň käbir etraplarynda hapa taşlanýan gapyrjaklaryň golaýynda köçe süpürijiler gözegçilik edýärler we zir-zibilleri dörjek bolýan adamlary kowýarlar. 


Habarçylarymyzyň mundan öň habar bermegine, köçelerde dilegçilik edýänler köp göze ilmeýär, sebäbi polisiýa munuň öňüni alýar.  




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net