Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliard dollar çykarylar

0

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi (TSTB) döwletden 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde pul alar. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna görä, 1 465 747 129,60 (bir milliard dört ýüz altmyş bäş million ýedi ýüz kyrk ýedi müň bir ýüz ýigrimi dokuz bütin ýüzden altmyş amerikan dollary çykarylar. 

Ahalyň täze administratiw merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet proýekti üçin tender bäsdeşliginiň geçirilip-geçirilmändigi belli däl. Emma ýarym resmi "Orient" neşri TSTB-niň ýolbaşçysy Aleksandr Dadaýewiň sözlerini sitirläp, olaryň prezident Berdimuhamedowyň şahsy goldawy bilen döwlet kontraktyna eýe bolmagy başarandygyny habar berýär. 

​"Şeýle üstünliklere ýetmekde bize, elbetde, döwletiň we ýurduň prezidentiniň şahsy goldawy kömek berýär" diýip, "Orient" neşri Dadaýewi sitirleýär.

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Ahal welaýatynyň täze paýtagtynyň gurluşygyna görülýän taýýarlyk barada 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda habar berlipdi. 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde prezident Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda administratiw merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

​TSTB Türkmenistanda esasy döwlet potratçysy bolup durýar. Ýurduň 2016-njy ýyldan bäri agyr ykdysady krizisde galýandygyna garamazdan, bu bileleşik dürli obýektleriň gurluşygy üçin ençeme milliardlyk kontraktlara eýe bolmagyny dowam etdirýär.

 

​TSTB-niň eýe bolan döwlet kontraktlarynyň biri Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy bolupdy. Muňa döwlet tarapyndan 2,3 milliard amerikan dollary çykaryldy. 

Bellemeli ýeri, bahasy 2,5 milliard dollarlyk 600 kilometrlik şol awtobanyň we Ahal welaýatynyň administratiw merkeziniň gurluşygyna beýleki kompaniýalaryň arasynda "Nusaý ýollary" atly şirket gatnaşýar. Türkmen.news neşriniň maglumatyna görä, bu gurluşyk kompaniýasynyň eýesi prezidentiň giýewi Annanazar Rejepow. 

Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, "Nusaý ýollary" atly hususy şirket onkologiýa merkeziniň, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça bejeriş-profilaktiki merkeziniň, tiz kömek stansiýasynyň, şeýle-de Ahal welaýatynyň administratiw merkezinde iki sany ýedi gatly ýaşaýyş jaýyň gurluşygy üçin kontrakta eýe bolupdyr. 

Turkmen.news neşriniň maglumatyna görä, şeýle-de "Nusaý ýollary" "Hyzmatdaşlar" açyk jemgyýetiniň eýeleriniň biri bolup, onuň bu şirketiň üsti bilen "Kämilligiň gözbaşy" atly mal iýmlerini öndürýän zawod, "Ak Hazyna" atly transport kompaniýasy, "Daýhan sarpasy" atly et öndürýän obahojalyk kärhanasy, "Kämil market" we "Ak market" atly supermarketler bilen baglanyşygy bar. Şeýle-de, ol Türkiýede, Beýik Britaniýada we birnäçe ofşorda hasaba alnan daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesine gatnaşýar. 

Geçen aýyň aýagynda Azatlyk Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Gorjaw geňeşliginde Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň obýektleriniň gurluşygyna degişli dowam edýän işler barada habar beripdi. Azatlygyň habarçylary gurluşygyň boljak ýerinde onlarça gekdar miweli agaçlaryň çapylýandygyny habar beripdi. 

Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk gurluşyk proýektleri ýurduň döwlet garaşsyzlygyny yglan edeli bäri başdan geçirýän iň agyr ykdysady krizisiniň dowam edýän wagtynda amala aşyrylýar. Ýurtda täze keselhanalaryň, mekdepleriň, sport desgalarynyň, obalar gurulýar. Proýektleriň inisiatory bolup çykyş edýän prezidentiň öz sözlerine görä, täze gurulýan desgalaryň ençemesi boş durýar. 

 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин обнародовал программу развития столичного туризма


Спорт в России и мире
Москва

«Торпедо» объявило об уходе хоккеистов Кручинина, Бауи и Малова


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Касаткина проиграла Путинцевой и не смогла выйти в 1/4 финала турнира WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В Москве заметили первый в России электромобиль Tesla Cybertruck





Путин в России и мире
Москва

Собянин: к 2030 году на долю Москвы придется 35–40% туристов в России


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко заявил о желании построить в Белоруссии вторую АЭС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Цинизм зашкалил: Елена Зеленская повеселилась в Киеве с герцогиней Эдинбургской


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Алла Пугачёва

Сгорбленная и худая артистка Алла Пугачева покинула Израиль



Москва

RT: Beribit составляет список возврата денег клиентам по неизвестным принципам

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net