Eýranyň harby uçary ýurduň Ardabil welaýatynda heläkçilige uçrady
IRNA habarlar agentligi ýerli resmilere salgylanyp, halas ediş toparlarynyň wakada aman galanlary gözlemek üçin heläkçiligiň bolan ýerine barandygyny mälim etdi.
Maglumatda wakada adam ýitgisiniň bolandygy ýa-da bolmandygy, şeýle-de uçaryň bortunda näçe adamyň bardygy hakda häzirlikçe maglumat berilmeýär.
