Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

ABŞ Pakistana harby türgenleşik programmasyna goşulmaga gaýtadan rugsat berdi

0
Birleşen Ştatlar iki ýyl arakesmeden soňra, Pakistana harby türgenleşik programmasyna goşulmaga gaýtadan rugsat berdi. Pakistanyň bu programma gatnaşmakdan mahrum edilmegi prezident Donald Trampyň Yslamabat terrorizmi togtatmakda ýeterlik iş edenok diýip, harby kömegi wagtlaýyn doňdurmagynyň bir elementi bolup durýardy.




 


23-nji dekabrda yglan edilen bu karar Imran Han günorta-gündogar Aziýanyň atom ýaragly ýurdunda premýer-ministr wezipesine gelmeginden soňra iki ýurt arasyndaky dartgynly gatnaşyklaryň barha gowşaýandygyny görkezýär.


Tramp Pakistanyň premýer-ministrini iýul aýynda Ak tamda kabul etdi we Waşington owgan “Talybany” bilen parahatçylyk gepleşiklerine kömek edendigi üçin, Yslamabada birnäçe gezek minnetdarlyk bildirdi.


Harby kömek Imran Han 2018-nji ýylyň awgust aýynda premýerlige saýlanmazdan öň doňdurylypdy.


2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Ştatlar Pakistana berilýän harby kömegi wagtlaýyn togtatmagy planlaşdyrandygyny we bu işiň Pakistan Owganystana garşy iş alyp barýan ýarym harby toparlaryň Tramp aýtmyşlaýyn “howpsuzlyk penalaryny” ýykyp-ýumurmak üçin berk çäre görýänçä dowam etjekdigini aýtdy.


Tutuşlygyna alanyňda, ABŞ tarapyndan Pakistan üçin göz öňünden tutulan 2 milliard dollar çemesi harby kömek häzir tölenmän ýatyr.


Pakistan özüniň terroristlere pena bolýandygyny inkär edip, Birleşen Ştatlary 18 ýyla golaý bäri Owganystanda barýan uruşda ýeňiş gazanyp bilmändigi üçin, Yslamabady “günä ýassygy” edip ulanmakda aýyplady.


23-nji dekabrda Döwlet departamentiniň bir sözçüsi harby kömegiň doňdurylmagy “Birleşen Ştatlaryň möhüm milli howpsuzlyk bähbitlerine goltgy bolýan programmalar üçin, çäkli adatdan daşarylyga ygtyýarlyk berýär” diýdi.


Ol soňra hem Waşington “kongresiň makullamagyna bagly bolan şol adatdan daşarylyklaryň biri hökmünde Pakistan boýunça Halkara harby tälim we türgenleşik (IMET) programmasynyň gaýtadan başlanmagyny oňlady” diýip, sözüniň üstüne goşdy.


Administrasiýanyň karary hakda kongresiň bu proses boýunça ýurisdiksiýa hukugyna eýe bolan komitetiniň entek beren beýanaty ýok.


Reuters habar gullugynyň beren maglumatynda, Yslamabadyň IMET programmasyndan wagtlaýyn çykarylmagy netijesinde, tälim-türgenleşik programmasynda esasan Pakistanyň harbylary üçin göz öňünde tutulan 66 ornyň boş galandygy aýdylýar.


“IMET özara ileri tutulýan ýagdaýlarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmaga bir pursat bolup durýar. Biz regional howpsuzlyk we durnukly ýagdaýa ilerledýän anyk işleriň üsti bilen şu esasa daýanyp, iş alyp barmagy dowam etdirmek isleýäris” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi aýtdy.


Amerikan we Pakistan harbylary uzak wagtlap ýakyn gatnaşykda boldular. Waşington Yslamabada Hytaýyň regiondaky güýjüne garşy güýç diýip garaýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net