Gyrgyzystan tanymal kinorežissýor Bolot Şamşiýewiň aradan çykmagynyň ýasyny tutýar
Şamşiýewiň filmlerinde oýnan aktýorlar Murat Mambetowyň we Nurgazy Sydygaliýewiň 23-nji dekabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “ussadyň” aradan çykmagy Gyrgyzystan üçin “öwezini dolup bolmajak ýitgi” boldy.
Şamşiýew 21-nji dekabrda nämälim keselden aradan çykdy.
Gyrgyz kinorežissýory, hususan-da, 1968-1988-nji ýyllarda döreden filmleri üçin öňki Sowet Soýuzynyň çäginde meşhurlyga eýe bolupdy.
Şamşiýew özüniň döreden filmleri üçin ençeme sowet döwlet baýraklaryna we Italiýada, Fransiýada, Germaniýada hem-de Çehoslowakiýada halkara baýraklara mynasyp bolupdy.
