Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Berdimuhamedow GDA baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.




 


20-nji dekabrda geçirilen sammite şeýle-de Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka, Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowanyň prezidenti Igor Dodon, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.


Rus prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda çözgütleri kabul edendiklerini belledi diýip, türkmen mediasy maglumat berýär.




 


Berdimuhamedow munuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda GDA ýurtlarynyň ählisinde Ýeňiş ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmegi hem-de şanly senä bagyşlanan baýramçylyk salýutlaryny guramagy teklip edipdir.


Belläp geçsek, metbugat materiallaryndan görnüşi ýaly, häzir türkmen mediasy 1941-45-nji ýyllaryň urşuny Beýik Watançylyk urşy diýip atlandyrýar. Emma garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda bu uruş belli bir döwürde II Jahan urşy diýlip atlandyrylypdy.


Türkmen metbugaty sammitiň dowamynda Berdimuhamedowyň Putin bilen ikiçäk gepleşikleri geçirip-geçirmändigini aýdyňlaşdyrmaýar.


Sammitden soň Berdimuhamedow Aşgabada ugrady.


Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA başlyklyga saýlandy. 11-nji oktýabrda Aşgabatda Arkalaşygyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sammiti hem geçdi.


Ekspertleriň pikirine görä, Russiýa Türkmenistanyň Arkalaşygyň doly agzasy bolmagy ugrunda tagalla edýär. Türkmenistan 2005-nji ýylda GDA guramasynyň assosirlenen agzasy boldy. Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Moldowa, Özbegistan, Russiýa we Täjigistan Arkalaşygyň doly agzasy bolup, Ukraina we Türkmenistan post-sowet giňişliginde agalyk edýän gurama doly agzalykdan çetde galýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net