Pakistanyň hökümeti Muşarrafyň bedeniniň asylmalydygyny aýdan sudýany tankytlady
Kanun ministri Farogh Nassem hökümetiň Ýokary Adalat Geňeşine ýüzlenip, Muşarrafa dönüklik aýyplamalary esasynda höküm çykaran üç kazylyk paneliň lideriniň çetleşdirilmegini soramakçydygyny aýtdy.
Naseemiň sözlerine görä, Peşewaryň Ýokary sudunyň adalat başlygy Wakar Ahmed Sethiň ýokary sudda kazylyk etmäge degişli ygtyýarlygy bolmandyr.
76 ýaşly Muşarraf Pakistana 1999-2008-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk edipdi. Ol häzir Dubaýda medisina bejergisini alýar. Ol ýurduň sud ediljek ilkinji harby lideri bolar.
17-nji dekabrda Yslamabadyň Ýörite sudy Muşarrafyň tussag edilmegi boýunça höküm çykardy. Bu Pakistanyň harbylarynyň nägileligini döretdi we adalat pudagy bilen dartgynlylyklaryny artdyrdy.
Hökümde Muşarrafa çykarylan ölüm höküminiň berjaý edilmegini kepillendirmek üçin, kanun goraýjy edaralaryna onuň tussag edilmegi boýunça görkezme berilýär. Şeýle-de, onda “eger-de Muşarraf ölse, onuň bedeniniň Yslamabada getirilip, ol ýerde üç günläp asylyp goýulmalydygy” aýdylýar.
