Patruşew: YD jeňçileri Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmegi planlaşdyrýarlar
Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň jeňçileriniň Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ornaşyp, Merkezi Aziýa hüjüm etmäge taýýarlyk görýändiklerini aýtdy. Bu barada rus habar gulluklary maglumat berýärler.
“YD jeňçileri Owganystanyň demirgazygynda ornaşmak ugrunda tagalla edýärler. Olaryň 2 müňden gowragy ‘Talybana’ garşy durmak, şeýe-de Täjigistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmäge şertleri döretmek ugrunda hereket edýärler” diýip, Patruşew Tähranda Owganystana bagyşlanyp geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş etdi.
Rus resmileri Owganystanyň demirgazygyndaky jeňçileriň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýa-da Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň howpsuzlygyna abandyrýan wehimi barada ilkinji gezek çykyş etmeýär. Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda rus resmileriniň agzalýan çykyşlary ýygjamlaşyp başlady.