Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Derman almaga mümkinçiligi bolmadyk türkmenistanlylar ýüzärlik tütedip, özlerini bejerýärler

0
Türkmenistandaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, lukmanlara ýüz tutmaga we derman satyn almaga maddy mümkinçiligi bolmadyk maşgalalaryň köpelýändigini habar berýärler. Olaryň sözlerine görä, häzirki wagtda mekdep okuwçylaryň ençemesi grip we beýleki keselleriň möwç almagy sebäpli sapaklara gatnamaýarlar. 


Habarçylarymyzyň biri Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky ýagdaý barada şeýle gürrüň berýär:


"Saýat etrabynyň hassahanasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda griplän çaga köp. Mülk, Suwçy oba, Awçy, Saýatly daýhan birleşiklerindäki mekdepleriň okuwçylarynyň grip keseli sebäpli keselhana getirilmeginiň yzy üzülmeýär. Okuwçylaryň we ulularyň arasyndaky grip ýiti görnüşli, onuň çagalarda sary getirme gipatit "A" wirusy bilen utgaşýan halatlary hem seýrek däl" diýip, Azatlygyň welaýatdaky habarçysy ýerli lukmanlara salgylanyp habar berýär. 


Onuň sözlerine görä, mekdeplerde şu günler çagalaryň ortaça hasapdan üçden bir bölegi okuwa gatnamaýar.




Çagalaryň käbirleri keselhana ýüz tutýan bolsa, käbirleriniň öýlerinde bejergi alýandygyny, maşgalalaryň birnäçesinde lukmanlara ýüzlenmäge we derman satyn almaga maddy mümkinçiligiň ýokdugyny habarçymyz belleýär.


"Bir sanjym üçin "Ampisillin" antibiotigi 30 manada durýar. Doktorlar bir tapgyr bejergi üçin 10 sanjymy üçin derman satyn almagy tabşyrýarlar. "Aflubin" dermany 72 manat, "Antigrip" dermanynyň tabletkalary 5 manatdan satylýar. Daşary ýurt döwletleriň original dermanlaryny ýokary bahalardan almaly bolýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.


Onuň sözlerine görä derman satyn almaga mümkinçligi bolmadyk maşgalalar öýlerinde halk usullary bilen özlerini bejermäge synanyşýarlar.


"Grip döwri derman satyn almaga ýagdaýy bolmadyk hojalyklar ýüzärlik tüssesi bilen öýlerinde özlerini bejerjek bolýarlar. Saglygy erbetleşýänler hem köpelýär. Emma lukmanlar öý bejergisiniň ýagny limon, ýüzärlik we şuňa meňzeş tebigy serişdeler bilen grip wirusyna garşy göreşip bolmaýandygyny aýdýarlar we mümkinçilik bolan ýagdaýynda hökman keselhana ýüzlenmegiň zerurdygyny ilata düşündirýärler" diýip, Lebapdaky habarçymyz ýerli lukmanlara salgylanyp habar berdi. 




Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň keselhanalary bilen habarlaşyp bilmedi.


Şeýle-de, habarçymyzyň sözlerine görä, dermanhanalarda grip keseline garşy dermanlaryň ýetmezçiligi duýulýar.




Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda hem grip keseliniň ýaýrandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, keseliň ölüme sebäp bolan ýagdaýlary hem bar.


- Düýn Parahat-3 etrapçasynda 40 ýaşlaryndaky zenanyň dokuzy boldy. Ol gripden soň aradan çykdy - diýip, habarçymyz 12-nji dekabrda aýtdy.


Aşgabatdaky habarçymyz paýtagt ýaşaýjylarynyň arasynda hem zerur medisina kömeginden kadaly peýdalanmaga mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň köpdügini habar berýär. Onuň sözlerine görä, käbirleriň hatda zerur operasiýalar üçin maddy mümkinçiligi bolmaýar. Sebäbi operasiýalaryň tölegli bolmagyna garamazdan, lukmanlar ulanyljak dermanlaryň we medisina serişdeleriň hassalaryň hasabyna üpjün edilmegini talap edýärler.


"Operasiýadan öň zerur dermanlaryň we medisina serişdeleriniň sanawyny berip, hassadan satyn almagy talap edýärler. Her bir operasiýanyň öňünden bu sanawy gowşurýarlar. Oňa hirurgiýa ellikleri, katetor, peşew ýygnamak üçin gap, hatda tikmek üçin ýüpler hem girýär. Meniň tanyşym diňe bir hirurgiýa ýüplerini hususy dermanhanadan 900 manada satyn aldy. Operasiýa köp maşgalara elýeterli däl" diýip habarçymyz aýdýar. 


Türkmenistan ilatyň arasyndaky keselçiligiň resmi statistikasyny çap etmeýär. Ýurt resmileri wagtal-wagtal döreýän ýokanç keselleriň epidemiýalaryny hem agzaman gelýärler. 


Azatlyk Radiosynyň Saglyk ministrliginden resmi kommentariý sorap eden synanyşyklary başa barmady.  




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net