Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Türkmenabat teatrlarynyň mejbury tomaşaçylaryndan toý lybasly barmak talap edilýär

0
Türkmenabat şäheriniň we onuň golaýyndaky etraplaryň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet drama teatryna barmaga we munuň üçin geýim satyn almaga mejbur edilýärler. 


Bu barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar: 


- Türkmenabat şäheriniň we etraplardaky dürli pudaklarynyň işgärlerini mejbury ýagdaýda "Daýa hatyn" we "Döwletli Döwran" atly spektakllara bilet satyn alyp, iki sagat mejbury tomaşa etmäge çekýärler. 


Habarçymyzyň sözlerine görä, teatra barmak tomaşaçylardan goşmaça çykdajylary talap edýär. Býujet işgärlerinden 20 manada golaý bilet pulundan başga täze geýim satyn almak talap edilýär.




 


- Biletiň bahasy 20 manada hem ýetmeýär, emma ýokary okuw we orta hünär bilim edaralarynyň ýolbaşçylary milli äheňde tikilen bir reňkdäki köýneklerde barmagy talap edýärler. Aýal-gyzlaryň köýnekleri 200 manatdan gowrak, erkekleriň kostýumlary 800 manat töwereginde çykdajy talap edýär - diýip, habarçymyz aýdýar.  


Onuň sözlerine görä, teatra gatnamak aýratynam etrap ýaşaýjylaryna agyr düşýär. Sebäbi olar goşmaça ýol harajatlaryny çekmeli bolýarlar we transport bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar.


- Etraplardan gelýän mejbury tomaşaçylar ýol harajatlaryny çekýärler we hatda agşam öz etraplaryna gaýtmak üçin transport tapdyrmaýandygyny aýdýarlar. Sagat 19:00 başlanýan sahna oýny 21:00 tamamlanýar bu wagtda awtobuslar ýok, taksiler ýok adamlar myhmanhanalarda ertire çenli galmaly bolýarlar. Uly çykdajy. Myhmanhanalar iň arzany 50 manat, eger ýer tapylsa, bolmasa 170 manada ýetýär Türkmenabat şäherinde - diýip, habarçymyz aýdýar.




Azatlyk Radiosyna Lebap welaýatynyň döwlet edaralaryndan resmi maglumat almak başartmady.


Döwlet edara-kärhanalarynda bilet satmak, işgärleri teatra we kino gitmäge mejbur etmek tejribesi Türkmenistanda ýyllarboýy giňden ulanylýar. 


Häkimiýetler medeniýet pudagyny ösdürmegiň döwletiň ileri tutýan ugry bolup durýandygyny aýdýarlar we bu meselede teatr sungatyny ösdürmek işine uly ähmiýet berilýändigini belleýärler. 


Türkmenistanda jemi 10 sany döwlet teatry bar, olaryň altysy paýtagtda we dördüsi welaýatlarda ýerleşýär. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net