HRW saklanan azeri protestçilerini azatlyga goýbermäge çagyrýar
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy azeri resmilerine ýüzlenip, geçen hepde soňy Bakuwyň merkezinde geçirilen biri-birinden aýralykdaky iki sany parahatçylyk protestiň dowamynda saklananlaryň ählisini azatlyga goýbermäge çagyrdy.
Hukuk topary polisiýa işgärleriniň demonstrantlara gazaply çemeleşendigi baradaky maglumatlary hem derňemäge çagyrdy.
22-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda polisiýanyň oppozisiýa we raýat aktiwistleriniň onlarçasyny ýenjip, soňy bilen-de olary silteläp zor bilen awtobuslara we polisiýanyň ulaglaryna ýerleşdirendigi hem bellenilýär.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama, saklanan aktiwistleriň sözlerine salgylanyp, olaryň polisiýanyň edarasynda gazaplylyk bilen ýenjilendiklerini hem nygtaýar.
19-njy oktýabrda geçirilen oppozisiýa ýörişine 220 töweregi adam gatnaşyp, olaryň hataryndan 60-a golaýy saklandy. Olaryň 42-si “duýduryş” bilen goýberildi, galan 18-siniň işi bolsa administratiw suda geçirildi.
Azeri resmileri ýörişiň öňünden oppozisiýadaky partiýanyň ýokary derejeli wekilleriniň azyndan 10 wekilini hem sakladylar.
20-nji oktýabrda polisiýa 50-60 adamdan, aglaba aýallardan ybarat geçirilen ýörişi hem dargatdy. Ýörişe gatnaşyjylar aýallara edilýän zuluma garşy protest bildiripdiler.