Azeri aktiwistleri aýallara edilýän zuluma garşy protest geçirdiler
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda polisiýa tertip ikinji gün rugsat berilmedik demonstrasiýalara çykan protestçileriň ençemesini saklady.
Bakuwyň merkezinde ýöriş geçirmek üçin 50-60 töweregi adam, aglaba aýallar toplandy. Polisiýa olaryň ýoluny böwetledi.
Maglumata görä, polisiýa protestçileriň ellerindäki plakatlary alypdyrlar we demonstrantlaryň ençemesini saklapdyrlar.
Protestçiler aýallara edilýän zuluma garşy ýöriş geçirdiler. Olar “Aýallara garşy zuluma ýok”, “Zulum barada dymmaň” diýen şygarlary hem gygyrdylar.
Mundan bir gün öň, polisiýa syýasy tussaglaryň azat edilmegini, şeýle-de suwa we toga girizilen tölegleriň azaldylmagyny talap edip köçä çykan demonstrantlaryň onlarçasyny saklapdy.
Azeri prezidenti Ylham Alyýew günorta kawkaz döwletini ozalky prezident-kakasy Geýdar Alyýewiň ölüminden soň, ýagny 2003-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýär.
Alyýew döwründe ýurduň graždançylyk jemgyýetine basyş güýçlendi. Azerbaýjanda onlarça aktiwist, žurnalist, we adam hukuklaryny goraýjylar, tankytçylaryň bellemegine görä, syýasy matlaply aýyplamalar esasynda tussag edildi.
Ýurtda garaşsyz habar serişdeleri hem ýapyldy.