Türkmenistanyň prezidenti noýabrda Italiýa sapar etmekçi bolýar
Bu mesele türkmen delegasiýasynyň Italiýa eden sapary mahalynda gozgaldy.
Türkmen delegasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi, ol Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen gepleşik geçirdi diýip, habarda aýdylýar.
Duşuşyk wagtynda syýasy, diplomatiýa, söwda, ykdysady we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de neşir türkmen prezidentiniň sapary wagtynda Milanda bilelikdäki biznes forumyny geçirmek hakynda pikir alşylandygyny belleýär.
Taraplar ýangyç we energiýa, söwda, transport we kommunikasiýa toplumlary, oba hojalygy pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini nazarda tutýarlar.
