Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Gazak prezidenti Aşgabatda GDA üçin Şengen wizasyna çalymdaş wiza barada pikirlenmegi teklip etdi

0
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew GDA ýurtlarynyň ilaty üçin Şengen wizasyna çalymdaş bir görnüşdäki wiza düzgünini girizmek barada oýlanmagy teklip edýär.


Tokaýew 11-nji oktýabrda Aşgabatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda wiza meselesine şunuň ýaly çemeleşmäniň syýahatçylaryň akymyny düýpli köpeltjegine ynam bildirdi.


Neweurope.eu neşiriniň gazak hökümetine salgylanyp ýazmagyna görä, Tokýaew ýerli bilermenleriň bu mesele boýunça bilelikde işlemek zerurlygyna ünsi çekdi. 


Sebitde wiza meselesine täzeden garamak talaby Özbegistanda prezident çalşandan soň, syýahatçylyk pudagynda ýitirilýän ummasyz girdeji mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmak pikiri esasynda gün tertibine geldi. 


Özbegistan 2020-nji ýyldan hytaý raýatlaryna ýedi günlük wizasyz syýahat teklip edýär, özbek hökümeti bu çäräniň syýahatçylygy ösdürmek üçin görülýändigini aýdýar.


Wizasyz syýahat mümkinçiligi, prezident Şawkat Mirziýoýewiň 12-nji sentýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň başyndan iki ýurduň raýatlary üçin-de, ýagny Hytaýyň we Hoň-Koňyň raýatlary üçin elýeterli bolar.


Bu çäreler netijesinde 2018-nji ýylda ýurda gelen syýahatçylaryň möçberi iki esse köpelip, 5.3 million adama ýetdi.


2019-njy ýylda işlenip düzülen programma esasynda, Gazagystan tarapyndan berlen wiza Özbegistanda, Özbegistandan berlen wiza bolsa Gazagystanda hem kabul ediler.


Hytaýyň sanawa goşulmagy bilen, indi Özbegistana raýatlary wizasyz syýahat edip bilýän ýurtlaryň sany 65 boldy.


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem resmileri tankytlap, ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny köpeltmegi talap edýär. Ol syýahatçylygy ykdysadyýetiň has girdejili pudaklarynyň birine öwürmegi sentýabryň aýagynda hem talap etdi.


Emma muňa garamazdan, wiza almak kynçylyklary sebäpli, milliardlap dollara gurlan täze uçar menzilleriniň we gymmatbaha myhmanhanalaryň köplenç boş durandygy aýdylýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net