ABŞ kanun çykaryjylary Orsýetiň saýlaw “kemçiligini”, ses berişlikden öňki basyp ýatyrmalaryny ýazgarýar
Bu ýazgaryş Orsýetiň oppozisiýa wekilleriniň we garaşsyz kandidatlaryň saýlawa goýberilmezligine gahary gelen protestçileri jogapkärçilige çekmegi dowam edýän wagtyna, rus häkimiýetleriniň Kremliň iň tanymal tankytçylarynyň biri Alekseý Nawalnynyň edarasyna reýd geçiren pursatyna gabat geldi.
Amerikan kongresmeni, Wekiller öýüniň daşarky meseleler komitetiniň başlygyEliot Engel (Demokrat-Nýu-Ýork) we öňdebaryjy respublikan Maýkl Makkol (Michael McCaul, Tehsas) Orsýetiň köçelerinde saýlawlaryň azatlygy üçin hepdeläp geçirilen ýygnanyşyklar,Kremliň beren gaýtawuly bilen goşulyşyp, rus halkynyň[Orsýetiň prezidenti] Wladimir Putiniň hökmürowan dolandyryşdan nähili irendigini görkezdi diýdi.
Olar Orsýetiň parahatçylykly demonstrasiýalara garşy ulanylýan zorluk, sütem çäreleriniň ählisini bes etmäge çagyrdylar.
