MH17 uçarynyň urlup ýykylmagynda güman edilýän tussagdan boşadylýar
Kiýewiň şikaýat sudy 5-nji sentýabrda onuň ýurtdan çykmazlyk hakynda dilhaty bermek esasynda azat edilmegi barada höküm çykardy.
Milleti ukrain bolan Tsemak, aýdylmagyna görä, Malaýziýanyň uçarynyň urlup ýykylan ýäriniň golaýynda Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda bolup, howa-goranyş bölümine ýolbaşçylyk edipdir.
MH17 uçary orsýetçi separatistler tarapyndan elde saklanylýan territoriýada Orsýetde ýasalan raketa bilen, Amasterdan Kuala Lampura uçup barýarka, 2014-nji ýylyň iýulynda urlup ýykyldy.
Uçaryň üstünde 298 adam bardy, olaryň ählisi heläk boldy.
