Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Benzin gytçylygy dowam edýär. Köçelerde ulag göze ilmeýär

0
Benzin gytçylygy dowam edýär. Köçelerde ulag göze ilmeýär

Türkmenistanyň welaýatlaryndaky ýangyç stansiýalarynda benzin gytçylygy saklanýarka, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýollarda awtoulaglaryň esli azalandygyny habar berýärler. 

"А-92 we А-95 benzini ala ýok, diňe käbir zaprawkalarda A-80 tapyp bolýar. Dizel ýangyjy hem ýitdi. Bu şeýle bir göze ilýär, ýollar sözüň hakyky manysynda boşap galdy" diýip Türkmenistandaky habarçylarymyzyň biri 4-nji snetýabrda habar berdi.

Habarçylarymyzyň ýene biri Marydaky ýagdaý barada habar berip, welaýatda A-80 markaly benzinden başga ýangyjyň ýokdugyny we bu barada bldirişleriň ýerleşdirilendigini aýdýar. 

"Mary welaýatynda benzin ýetmezçiligi has-da güýçli duýulýar. A-80-den başga benzin ýok. Şu gün ähli ýangyç stansiýalarynda 92-nji benziniň ýokdugy hakynda bildirişler asyldy. Ýöne köp ulag eýeleri pes hilli benzini guýmakdan saklanýarlar, şu sebäpden ýollarda ulaglar azaldy" diýip Marydaky habarçymyz 2-nji sentýabrda habar berdi. 

Azatlygyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri pes hilli ýangyjyň awtoulaglary zaýalaýandygyny aýdýarlar we köpçülikde ulag bejertmek üçin maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny, şu sebäpden köpçüligiň öz awtoulagyny ulanmakdan saklanýandygyny belleýärler. 

Awtoulagynda gazanç etmek türkmenistanlylaryň ençemesi üçin ýeke-täk girdeji serişdesi bolup durýar. 

"Köpler ulag arkaly edýän gazanjynyň hasabyna ýaşaýarlar. Olara has agyr düşýär. Häzir gün görmek üçin öý goşlaryny satýanlar hem bar. Üstesine, awtoinspeksiýa awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyndan bahana gözläp, para talap edýär" diýip, habarçymyz aýdýar. 

Energiýa resurslaryna baý Türkmenistanda benzin gytçylygy 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýär. Şu tomsuň başynda benzin has-da gytaldy. 

Awtoulaglar üçin ýangyç gytçylygynyň fonunda döwlet metbugaty ýurtda täze ýangyç stansiýalarynyň gurulýandygyny we benziniň daşary ýurtlara satylýan mukdarynyň artdyrylýandygyny habar berýär. 

 

20-nji awgutda çap bolan resmi magmatlara görä, Lebap welaýatynda günde 500 ulaga hyzmat etmek üçin niýetlenen iki sany täze desganyň düýbi tutulypdyr. Olaryň biri Türkmenabat-Gazojak, ikinjisi J.Hekimow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşer. 

31-nji awgustda Türkmenistanda öndürlen benziniň Şweýsariýanyň we Owganystanyň telekeçileri tarapyndan stayn alnandygy habar berildi, emma eksprot edilen türkmen ýangyjynyň mukdary takyklaşdyrlmady. 

Türkmenistanda benzini öndürýän iň uly kärhana Türkmenbaşyda ýerleşýär. Ýurduň awtomobil ýangyjy önümçiliginiň dörtden bir bölegi onuň paýynda düşýär. Ýene bir kärhana Seýdidäki zawod geçen ýylda planyny artykmajy bilen ýerine ýetirip, awtomobil ýangyjynyň we mazutyň 500 müň tonnasyny öndüripdir. Onümiň aglaba bölegi daşary ýurtlara eksport edilipdir. 

Iýun aýynda Türkmenistanyň hökümeti tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawodyň ulanylyşa beriljegini yglan edipdi. Owadandepede gurlan kärhana ýylda 1.8 milliard kubometr gazy işläp, 600 müň tonna benzini we 12 müň tonna dizeli öndürmek üçin niýetlenýär. Bahasy 1 milliard 700 müň amerikan dollaryna durýan bu proýektiň maliýeleşdirilmegine Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşypdyr.

Türkmenistanda öndürlen benzini geçmişde Birleşen Arap Emirlikleriniň, Estoniýanyň we Owganystanyň telekeçileri satyn alypdy.  

Synçylaryň pikirine görä, benzin gytçylygy häkimiýetleriň daşary ýurtlara satýan benzininiň möçberini artdyrmagy bilen bagly bolmagy mümkin, sebäbi ýangyjyň ýurduň içindäki nyrhynyň pesligi onuň içerki bazralarda satylmagyna gyzyklanmalary gowşadýar. 

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda dowam edýän benzin gytçylygynyň ýurduň awtomobil ýangyjynyň eksportyny artdyrmagyna näderejede baglydygyny resmi çeşmelerden anyklap bilmedi. 

​Türkmenstanda beniziň nyrhy döwlet tarapyndan kesgitlenýär. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri A-95-nji benziniň bir litri 1,5 manada, A-80 benziniň bahasy 1,2 manada we dizeliň bahasy 1,4 manada durýar. 

​Awtomobil ýangyjy ençeme ýyllap döwletiň ilat üçin göze öňünde tutulan ýeňillikleriniň biri bolupdy. 2008-2014 ýyllaryň aralygynda awtoulagy bolan raýatlara benzin bellli bir möçberi mugt berilýärdi, emma şonda satuwdaky ýangyjyň bahasy ozalkysyndan 8 esse gytalypdy. 2015-nji ýylda benziň ýene 60% gymmatladyldy. Soňky gezek benziniň bahasy 2018-nji ýylyň fewralynda gymmatlap, 50% ýokrlandy. 

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Внедряем принципы цифровой клиники


Спорт в России и мире
Москва

Hisense запустила рекламную кампанию «Ставшие легендой»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Уимблдон

Уроженка Тамбова Арина Родионова вышла во второй круг квалификации Уимблдона


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Эксперт Ганьшин: вместе с температурой в Москве растет и количество осадков





Путин в России и мире
Москва

Путин встретится в Москве с лидером Республики Конго Сассу-Нгессо


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Президент Белоруссии заверил Лаврова в полной поддержке




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

"Запад до последнего будет закрывать глаза на зверства режима Зеленского": Мария Захарова ответила Киеву после атаки на Севастополь


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Филипп Киркоров

Компромат на Киркорова: стало известно, за что Успенская угрожает Джугелии



Москва

Танцы как признак молодости души

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net