Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2019

Türkmenistanda bu çörege 'ak' diýilýär

0
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky günlerde döwlet dükanlarynda alyjylara hödürlenýän çöregiň we unuň hili ýaramazlaşypdyr.


- Döwlet dükanlarynda kadaly hilli çörek tapmak kynlaşdy. Köplenç pes hilli goňur çörek satýarlar. Ony iýip bolmaýar, onuň ysy ýaramaz - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 12-nji awgustda habar berdi.


Onuň sözlerine görä, dürli dükanlarda çöregi hili tapawutlanyp bilýär. 


- Biz üç sany dükany aýlandyk, ak çöregi satyn almak üçin, soňundan tapdyk. Bärde Türkmenistanda ony ak çörek diýip atlandyrýarlar. Hakykatda ol onçakly ak hem däl - diýip, habarçymyz belledi.




Ýaňy-ýakynda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň döwlet dükanlarynda satylýan unuň hiliniň ýaramazlaşandygyny habar beripdi. Olaryň sözlerine görä, paýtagtyň dükanlarynyň ençemesinde heňlän, ýaramaz ysly un satylypdyr.







Türkmenistanda döwletiň garamagyndaky dükanlarda ilata käbir azyk önümleriniň kesgitlenen nyrhdan satylmagy ýola goýulýar. Hususan-da, çörek 0,5 manatdan satylýar, unuň bir kilogramy 1 manatdan satylýar. 


Soňky ýyllarda azyk önümleriniň gytçylygy yzygiderli ýüze çykýar, harytlar çäklendirilip satylýar, uly nobatlar döreýär. 


Aşgabatda we welaýatlarda döwlet dükanlarynda çäklendirme girizilen wagtynda ilata adam başyna iki çörekden, 1 kilogram şekerden, üç kilogram tüwiden we 5 kilogram undan köp berilmändi.


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda gyt harytlaryň ýanyndan geçmeýän harytlaryň, şeýle-de möhleti geçen önümleriň goşulyp satylmagy ýaly ýagdaýlar seýrek däl.


Soňky aýlarda çörek, un, tüwi, şeker, pagta ýagy we ýumurtga gytçylygy ençeme gezek güýçlenipdi.


Türkmenistanyň ilaty azyk önümleriniň gytçylygy we çäklendirilip satylmagy bilen 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Tutuş ýurt boýunça azyk önümleriniň üpjünçiliginde bökdençlikler döräp durýar, ýüzlerçe adamlyk uly nobatlar emele gelýär. Paýtagtda ilatyň azyk üpjünçiligi welaýatlara garanda ganymat hasaplanylýar.




Synçylaryň bellemegine görä, Türkmenistandaky azyk nobatlary we döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan azyk satýan ýöriteleşdirilen dükanlaryň saklanmagy ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan we ilatyň alyjylyk ukybynyň pesliginden habar berýär. 


Şol bir wagtda-da, ýurduň ýolbaşçylary döwletiň ykdysady kynçylyklaryny boýun almaýar we halk hojalygynyň ähli taraplaýyn ýokary görkezijilere ýetendigini yglan edýär.   




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net