Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2019

Türkmenistanda hojalyk hyzmatlary üçin bergidarlara dokument bermekden ýüz öwürýärler

0
Türkmenistanda ilatyň öý hojalyk hyzmatlary üçin bergileriniň ýokdugyny subut edensoň berilýän dokumentleriň we resminamalaryň sany artýar. 


Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, döwlet edaralaryň işgärleri dokument sorap ýüz tutýan raýatlara kommunal hyzmatlaryň tölenendigi hakynda kagyz getirilmegini talap edýärler. 




- Şu gün ir sagat ​8:50-de Mary şäheriniň Magtymguly köçesindäki Türkmenistanyn Mary şäheriniň raýat yagdaýlarynyň nama ýazgylary edarasynyň öňünde 14 adam durdy, açylyş wagtyna 9-a golaý ýene 20 çemesi adam geldi. Bu edara nika we nikany bozmak barada şahadatnamalary, dogulyş we ölüm hakyndaky şahadatnamalary berýär. Nobat tiz geçdi, sebäbi adamlar giren badyna çykyp başladylar. Tiz wagtdan işgär zenan çykyp, adamlaryň nobatda wagtyny ýitirmän, öý hojalyk hyzmatlary, gaz, tok we suw üçin tölegleriň edilendigi hakynda kagyz getirmelidigini aýtdy. Ol bergisi bolan raýatlara dokument berilmejegini duýdurdy - diýip, 8-nji awgustda habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, edaranyň işgäri resminamalaryň täze kanuna görä talap edilýändigini aýtdy. 


Azatlyk Radiosy bu edaranyň özünden, şeýle-de Mary şäheriniň häkimliginden maglumat almaga synanyşdy, emma häzir resmi maglumat alyp bilmedi. 







 


 


Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty öý hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri tölemäge mejbur etmek ugrundaky çärelerini soňky aýlarda has pugtalandyrýar. 


Ýaňy-ýakynda Lebap we Mary welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri öz aýlyklaryny almak üçin mundan beýläk öý hojalyk hyzmatlary, şol sanda gaz we tok üçin bergileriniň ýokdugyny subut edip, işleýän ýerlerine resminamalary eltip bermeli bolarlar. 


Türkmenistanda ilatyň kommunal hyzmatlary üçin bergileriniň möçberini görkezýän sanlar elýeterli däl. Häkimiýetler resmi statistikany çap etmeýärler. Azatlyk Radiosynyň döwlet edaralaryna eden ýüzlenmeleri jogapsyz galýar.  







Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenistanda ilatyň durmuş şertleriniň agyrlaşmagynyň, işsizligiň, nyrhlaryň gitdigiçe artmagynyň, şol sanda kommunal hyzmatlarynyň esli gymmatlamagynyň fonunda ilat köpçüliginde öý hojalyk tölegleri üçin maddy mümkinçik ýok. Köp hojalyklar töleg etemek üçin zerur ölçeýji gurallary hem goýduryp bilmeýärler.    


Türkmenistanda öý hojalyk hyzmatlarynyň nyrhy soňky dört ýylyň dowamynda 60 esse göterildi.    


- Käbirler özlerinde ölçeýjileriň we olary goýdurmak üçin mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylaryň biriniň sözlerine görä, komissiýa onuň öýündäki köne görnüşli ölçeýjini hasaba almakdan ýüz öwürýär, onuň bolsa, täzesini goýdurmaga puly ýok. Onuň hatda çagalaryna mekdep geýimlerini we esbaplaryny alyp bermäge-de mümkinçiligi ýok - diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy. 


Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarda sarp edilen gazy we suwy ölçemek üçin gurallaryň köpçülikleýin oturdylmagy geçen ýylyň oktýabr aýynda başlanypdy. 1993-nji ýyldan bäri ilata berlen gaz, tok suw mugtçulygy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ýatyryldy. Türkmenistanyň ýolbaşçysy öz kararyny düşündirip, ilatyň indi has gowy ýaşaýandygyny aýtdy.




​Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net