Sibirdäki tokaý ýangynlary 163,100 gektar meýdany öz içine alýar
Orsýetiň Sibir regionynda tokaý ýangynlaryny öçürmek tagallalary 163,100 gektar meýdany öz içine alýar diýip, TASS habar gullugy Howa gorag gullugyna salgylanyp, 7-nji awgustda habar berdi.
Ýangyn Irkutsk we Krasnoýarsk, şeýle-de Ýakutiýa, Burýatiýa, Amur, Tomsk we Çukotka sebitlerinde şindi hem möwç alýar.
“Tokaý ýangynlaryny öçürmek işine 3,800-e golaý adam çekildi” diýip, TASS habar berdi.
Irkutsk, Ýakutiýa we Krasnoýarsk sebitlerinde adatdan daşary ýagdaý saklanyp galýar. Burýatiýada hem bir etrapda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.