Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2019

Türkmenistanda öý hojalyk hyzmatlary üçin bergili döwlet işgärlerine aýlyk berilmez

0
Türkmenistanyň häkimiýetleri öý hojalyk hyzmatlary üçin bergidarlary anyklamak we ilatyň kommunal hyzmatlary üçin tölegleri berjaý etmegini gazanmak boýunça çäre görmegini dowam etdirýärler. Hususan-da, şu günler döwlet işgärleri öz zähmet haklaryny almak üçin öý hojalyk hyzmatlary, şol sanda suw, gaz we elektrik togy üçin bergileriniň ýokdugyny subut etmäge mejbur bolýarlar. 


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatyndaky häzirki ýagdaý barada habar berýär: 


- Lebaply býujet işgärlerine iýul we awgust aýlary üçin aýlyklar indi olar elektrik we kommunal hyzmatlar üçin bergileriniň ýokdugy baradaky kepilnamasyny alyp, ýaşaýan etrap edaralarynda tassyklanan görnüşleriniň asyl nusgalaryny işleýän edaralaryna tabşyrýança berilmez, - diýip, habarçymyz 4-nji iýulda habar berdi. 


Onuň sözlerine görä, soralýan resminamalary almak uzak wagty talap edýär, şeýle-de iňňän uly nobatlar olary almak işini kynlaşdyrýar.




- Bu soralýan kepilnamalary aýdylýan edaralardan almak üçin hem azyndan bir aý gerek, gaz, tok edaralarynyň önüniň nobatlary müň adama ýetýär. Şonuň üçin indi soralýan sprawkalary almak üçin sarp eden energiýaňa töläniňden soň hem, sprawkany 50 manat para berip almaly bolýar, ony her aýda işleýän edaraňa tabşyrmak üçin - diýip, Lebapdaky habarçymyz aýdýar.


Mundan öň öý hojalyk hyzmatlary üçin bergileriň ýokdugyny tassyklatmak talaby Türkmenistanyň beýleki regionlarynyň döwlet edara-kärhanalarynda hem edilipdi.     


Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň 17-nji iýulda aýtmagyna görä, Mary welaýatynyň döwlet edaralarynyň işgärleri mundan beýläk kommunal hyzmatlary üçin özleriniň bergileriniň ýokdugyny yzygiderli tassyklatmaly boljakdyklary barada habarly edilipdir. 


Aprel aýynda paýtagtyň käbir döwlet edaralary, hususan-da, "Aşgabatagyzsuw" kärhanasy öz işgärlerine suw hyzmatlary üçin töleglerini doly berjaý edýänçä aýlyk bermekden ýüz öwrüpdi. 







​Türkmenistanda gaz, tok we suw üçin tölegler hasaplaýjy gurallaryň esasynda amala aşyrylýar. Ölçeýjileri köpçülikleýin oturtmak işi 2018-nji ýylyň güýzünde ilata mundan öň mugt berlen hyzmatlaryň doly ýatyrylmagynyň yzany başlanypdy. Munuň bilen bir wagtda-da ýurduň häkimiýetleri ilaty, şol sanda býujet işgärlerini kommunal hyzmatlary üçin töleg tölemäge mejbur etmek boýunça çärelerini güýçlendiripdi. 


25-nji iýulda“Türkmen.news” neşiri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki jemgyýetçilik transportlarynda bildirişleriň asylandygyny we olarda sarp edilen elektrik energiýasynyň tölegini aýma-aý tölemedik ýaşaýjylaryň togunyň kesiljekdigi hem-de işiň suda geçiriljekdigi barada duýdurylýandygyny habar beripdi.


Daşoguz welaýatynyň býujet işgärlerinden hem kommunal hyzmatlar üçin pul toplanýar, emma tölegler indiki aýlar üçin alynýar.  


Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Daşoguzda döwlet edaralarynyň, şol sanda mekdepleriň işgärlerinden kommunal hyzmatlary üçin tölegleri öňünde tölemek talap edilýär. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net