Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Aşgabatlylar ýaşaýan ýerinden zerur resminamalary almakda kynçylyk çekýärler

0
Aşgabadyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary şu günler ýaşaýan ýerinden zerur resminamalary almakda kynçylyk çekýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtyň öý dolandyryş edaralarynyň birindäki ýagdaýy anyklady.


"Maşgalamyň düzümi barada resminama almak üçin üç gün bäri öý dolandyryş edarasyna gatnaýaryn. Bir görseň resminama berýän zenan keselläpdir, bir görseň ýolbaşçy işde ýok" diýip, habarçymyz 31-nji iýulda aýtdy.


Maşgala düzümi baradaky resminama raýatlaryň ýaşaýan ýerinde berilýär. Şäherlerde olary öý dolandyryş edaralary, oba ýerlerinde daýhan birleşikleriniň arçynlary berýärler. Resminamany almak üçin ýaşaýjylar ähli hojalyk tölegleriniň, elektrik togunyň, gazyň we suwuň tölegleriniň edilendigini tassyklamaly. 




"Üstesine, ýanyňda öý kitabyndaky ýazgylaryň we jaýyň inwentar dokumentleriniň göçürmesi bolmaly. Şonça dokumentiň görkezilmeginden soň resminama berýärler. Agzalan dokumentleriň biri bolmasa, resminama bermeýärler. Öý dolandyryş edarasynyň işgärleriniň ýazyp beren resminamasyna gurmanyň ýolbaşçysy gol goýmaly" diýip, habarçymyz aýdýar. 


Maşgala düzümi hakyndaky resminama 10 günlük möhlet bilen berilýär.      


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, bu problema köp adama degişli bolup, maşga düzümi hakyndaky ýa-da forma №3 resminamasy dürli edaralara ýüz tutmak üçin iň köp talap edilýän kagyzlaryň biri bolup durýar.


"Meselem, işe ýerleşmek üçin ýaşaýan ýeriňden resminama gerek bolýar, pasport almak üçin forma №16 resminamasy gerek, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin hem resminamalar gerek" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.







 


Türkmenistanda döwlet edaralarynda talap edýän öý hojalyk edarasyndan alynýan resminamalardan başga-da, ýaşaýjylara un satyn almak, daşary ýurtlara kitap ugratmak ýaly ýagdaýlarda-da käte resminama gerek bolýar, pensionerler hiç ýerde işlemeýändigi hakynda resminama almaly bolýarlar. 


Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň welaýat ýaşaýjylary un satyn almak üçin ýaşaýan ýerinden resminama almaly boldular. Ýagdaýlaryň biri geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenabatda ýüze çykdy. Mundan öň Daşoguzda ýerli ýaşaýjylar un satyn almak üçin gaz we elektrik togy üçin bergileriniň ýokdugyny tassyklatmaly boldular.   


​Şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet poçtasynda daşary ýurtlara kitap ugratmak isleýän raýatlardan döwlet kitaphanasyndan ýörite resminama getirmek talap edildi. Mundan öň Türkmenistandan daşary ýurtlara dört sany kitaby rugsat almazdan ugradyp bolýardy. 


Mundan öň Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy barada resminama almakda dürli kynçylyklara sezewar bolandygy habar berilidi. Maý aýynda Azatlygyň habarçysynyň beren maglumatyna görä, Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasyna resminama sorap, ýüz tutanlar "näbelli bir wirusyň" bardygyny aýdyp, olardan tölegli barlaglardan gaýtadan geçmek ýa-da para bermek talap edilipdir. 




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net