Eýran Pars Aýlygyna ikinji britan harby gämisiniň gelmegine protest bildirdi
Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatyna görä, HMS Dunkan esminsi, “Britaniýanyň baýdagy astynda hereket edýän gämileriň howpsuz geçişini goldamak üçin” – HMS Montrose frigatyna goşulypdyr.
Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabieli Britaniýanyň Ýewropanyň gämilerini Pars aýlygyna ugratmak meýilleriniň “duşmançylykly häsiýete eýedigini” aýtdy.
Britaniýa bu teklibiň 19-njy iýulda Eýranyň Britaniýanyň baýdagy astyndaky nebit tankerini ele geçirmegine jogap hökmünde edilendigini aýtdy.
Mundan iki hepde ozal, britan resmileri Gibraltaryň suw territoriýalarynda eýran tankerini – Ýewropa Bileleşiginiň Siriýa garşy girizen sanksiýalaryny bozmakda aýyplap – ele geçiripdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo hem sebitdäki “hereket azatlygyny kepillendirmek üçin” Aýlyga has köp harby gämileriň ugradylmagyna çagyryş edipdi.
