Kazanyň mekdep direktory tatar dili boýunça ECHR-e ýüz tutdy
2017-nji ýylda Russiýanyň Bilim ministrligi tatar kanunçykaryjylaryna her gün mejbury bolan tatar dili sapaklaryny meýletin sapaklar bilen çalyşmak, şeýle-de olary hepdede iki sagada çenli getirmek barada görkezme beripdi.
Bu ädim Tatarystanda we rus dili bilen birlikde ýerli dilleriň hem resmi dil hasaplanýan regionlarynda nägilelik bilen garşylandy.
Pawel Şmakow 15-nji iýulda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde rus resmileriniň etniki tatarlaryň bilim almak hukugyny bozýandyklaryny aýtdy.
Etniki rus Şmakow Moskwanyň ýerli dilli regionlarda mejbury dil sapaklaryny ýatyrmak tagallalaryna garşy çykyp gelýär.
