Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Türkmen tebipleri prezidentiň 'Derman ösümlikleri' kitabyndan peýdalanýar

0
Türkmenistanda dowam edýän derman gytçylygynyň we medisina hyzmatlarynyň gymmatlamagynyň döwründe ýurduň ilaty, aýratynam oba ýaşaýjylary tebiplere köp ýüz tutýarlar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar. 


"Bize myhmançylyga gelen tanşymyz adamlaryň köpçülikleýin lukmanlara, keselhanalara barman, tebiplere we köplenç şarlatan aldawçylara ýüzlenýändigini gürrüň berdi" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 11-nji iýulda habar berdi. 


Munuň bilen bir wagtda-da, habarçylarymyzyň sözlerine görä, tebipleriň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabyny gollanma hökmünde ulanýanlar hem duş gelýär.


"Şeýle tebipleriň birinde Berdimuhamedowyň derman ösümlikleri baradaky kitabynyň konspekt depderçesini gördüler. Sowal, näme üçin?!" diýip, Azatlygyň habarçysy şaýatlara salgylanyp, habar berýär. 







Tebipleriň ýurt baştutanynyň döredijiligine ýüzlenip başlamagynyň sebäpleri nämälim galýar. 


Döwlet başyndaky 12 ýylynyň dowamynda öz awtorlygynda 50-den gowrak kitaby çap etdiren prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijiligi, şol sanda "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitaby ýurtda resmi derejede mahabatlandyrylýar. Kitaplar dünýäniň dürli dillerinde çap edilýär.   


Prezidentiň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabyny ýurduň resmi medisinasy hem ulanýar.


2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda çap bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilen çaýlary dermana derek içmegi maslahat berdi.







Häzirki wagtda Aşgabadyň dermanhanalarynda gytalan dermanlara derek ösümlikleriň suwy we şiresi hödürlenýär. 


​Üstesine, Türkmenistanyň milli goşunynda esgerler prezidentiň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabyndaky reseptler boýunça ösümliklerden däri taýýarlaýarlar. Bu barada 11-nji ýanwarda TDH döwlet habar agentligi habar berdi.       


Türkmenistanda ilatyň tebiplere ýüz tutmagy baradaky habarlar ýurtda medisina hyzmatlarynyň we dermanlaryň gymmatlan, derman gytçylygynyň güýçlenen döwrüne gabat geldi. 


Şol bir wagtda-da, tebipler, palçylar ýurt häkimiýetleriniň gözegçiliginde saklanýarlar. 


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, polisiýa we howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri ýerli tebipler we palçylar bilen gürrüňdeşlik geçirýärler we olardan işini bes etmegi talap edýärler. Şeýle-de, öýlerde sünnet etmek gadagan edilipdi. 







   


2016-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda güýje giren "Reklama baradaky" kanuna laýyklykda, käbir harytlaryň we hyzmatlaryň reklamasy bilen bir hatarda, "gipnotizýorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň, palçylaryň, astrologlaryň, jadygöýleriň hyzmatlaryny mahabatlandyrmak gadagan edildi.  


Munuň bilen bir wagtda-da, synçylar Türkmenistanda il içinde tebipleriň we palçylaryň meşhurlygynyň esasy sebäpleriniň arasynda ilatyň resmi medisina bolan ynamynyň gowşamagyny we medisina hyzmatlarynyň elýeterliliginiň peselmegini öňe sürýärler. 







 


 


​Rus dilinde okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net