Sibir sebitine gelen silde ölenleriň sany artýar
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 29-njy iýunda sil netijesinde 350 çemesi adamyň ýaraly bolandygyny, 100 adamyň hassahanalarda bejergi alandygyny aýtdy.
Ministrlik IL-76 uçarynyň 29-njy iýunda giçlik bu sebite adatdan daşary ýagdaý ýüklerini alyp gelendigini hem habar berdi.
Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy siliň 4 müňden gowrak ýaşaýyş jaýyna, 16 ýola, 13 köprä, 27 şähere we oba zyýan ýetirendigini, siliň bu sebitde diňe Baýkal kölüniň günbataryna gelendigini aýtdy.
Şeýle-de ministrlik gelýän günlerde has kän sil geljege meňzeýändigini habar berdi.
Prezident Wladimir Putin 29-njy iýunda Ýaponiýada geçen G20 sammitinden dolanyp, Baýkalyň demirgazyk-günbataryndaky Bratsk şäherine uçdy.
