123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda nobatlar saklanýar, hususy dükanlary ýapylýar

0
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda nobatlar saklanýar, hususy dükanlary ýapylýar

Türkmenistanyň paýtagtynda azyk önümleriniň uly nobatlary saklanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda uly nobatlaryň döremeginiň fonunda hususy dükanlar ýapylýar. 

Şu günler iň uly nobatlar esasan şeker we tüwi satylan wagtynda döreýär.

- Tutuş Aşgabatda döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlar saklanýar. Köp dükanlar howly tarapyndan, binanyň yzky tarapynda ýerleşýän gapylardan haryt satýar, nobatlar köçeden görünmez ýaly. Nobatlar esasan tüwiniň we şekeriň üstünde döreýär. Şekere bolan islegler esasan konserwa taýýarlamak möwsümi sebäpli güýçlendi. Şekeri bir adama 1 kilogramdan berýärler, bahasy 7-8 manat töwereginde. Hususyýetçilerde şeker 15-16 we ondan has ýokary bahadan satylýar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 18-nji iýunda aýtdy.

Aşgabadyň döwlet dükanlaryndaky uly nobatlardan daşary azyk önümleri çäklendirilip satylýar. Şekeri bir adama 1 kilogramdan, tüwini 3 kilogramdan berýärler. 

​Azatlyk Radiosyna soňky günlerde Aşgabadyň döwlet dükanlarynda edilen wideo ýazgylaryň ençemesi elýeterli boldy. Wideolarda azyk dükanlaryň daşynda onlarça adamyň öz nobatyna garaşyp, sabyrly durandygyny, dükanlaryň içinde bolsa nobaty ýeten adamlaryň arasynda aljyraňňylyk döreýändigini, kimsi ýalbaryp, kimsiniň nägilelik bildirýändigini görmek mümkin. Söwdegärler bolsa çalasynlyk bilen işleýärler, her alyja kiçeňräk bir haltajyklara salnan şekeri berip, puluny alýarlar. 

Biz öz habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen wideolary çap etmekden saklanýarys.   

Türkmenistanyň paýtagtynda käbir azyk önümleriniň gytalan wagtynda, köp islege eýe bolan harytlaryň gapdalyndan alyjylara geçmeýän harytlary, şol sanda möhleti öten azyk önümlerini goşup satmak tejribesi giňden ulanylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýaňy-ýakynda habar bermegine görä, Aşgabadyň käbir azyk dükanlarynda alyjylardan şeker bilen bilelikde margarin satyn almak talap edilýär.  

Türkmenistanyň paýtagtynda tüwi we şeker gytçylygy maý aýynyň aýagynda güýçlenipdi. Döwlet dükanlarynda we bazarlardaky söwda nokatlarynda azyk önümleriniň satylyp başlanmagynyň ençeme sagat öňünden uly nobatlar döredi.

Döwlet dükanlarynda satylýan azyk önümleriniň bahasy bazardakysyndan esli arzan. Hususan-da, 8 manatlyk şol bir şeker bazarda 12 manada, 7 manatlyk tüwi 20 manada satylýar.

Emma bazarlardaky nyrhlar hem häkimiýet tarapyndan kesgitlenýär. Häzirki wagtda paýtagtyň bazarlarynda azyk önümleriniň resmi taýdan kesgitlenen nyrhlaryny görkezýän bildirişler ýerleşdirilýär. Nyrhnamalarda bahalar hakyky bahalardan has arzan görkezilýär.  

 

Türkmenistanyň ilaty esasy azyk önümleriniň agyr ýetmezçiligi bilen iki ýyldan gowrak wagt bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär. 2017-nji ýylyň güýzünden bäri ýurtda un we çörek gytçylygy dowam edýär. Şeýle-de pagta ýagy, tüwi, şeker we towuk ýumurtgasy ýaly önümler ýygy-ýygydan satuwdan aýrylýar, satylan wagtynda nobatlar döreýär. 

Döwlet dükanlarynda azyk ilata çäklendirilip satylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, Aşgabatda hususy söwda nokatlary ýapylýar. Olaryň arasynda hem azyk, hem-de senagat harytlaryny satýan söwda nokatlary bar.

- Parahat 2/2 etrapçasynyň №17 jaýynyň ýerzeminindäki mebel satýan dükany ýapdylar. Onuň girelgesi Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly tarapyndan däl-de, eýsem protokol köçesi hasaplanmaýan 10 ýyl Abadançylyk köçesinde ýerleşýärdi. Bu dükan alyjylar tarapyndan halanýardy. Indi bu telekeçiniň işi ýatdy - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň ýene biri aýdýar.   

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Новый путепровод улучшит пропускную способность других трасс


Спорт в России и мире
Москва

GeekVape в сотрудничестве с Absolute Racing выиграла чемпионат в категории GT3


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Рыбакина о том, что не играла в Индиан-Уэллс из-за болезни: «К сожалению, восстановление заняло много времени»


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Энергетические поля компенсируют растущие потребности в электроэнергии





Путин в России и мире
Москва

Путин уточнил у Беглова причины снижения популярности Петербурга у туристов


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

«Зеленский кричит»: польский генерал рассказал, что творится в Киеве


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Елена Ходырева

Эксперты КА «Главный Советник» приняли участие в форуме «Тренды и антитренды корпоративного видео сегодня»



Москва

Поздняков: есть спортсмены, для которых честь важнее, чем унизительные условия МОК

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net