Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 15.12.2021

Farapdaky mekdep ýangynyndan soň VPN ulanýanlara garşy reýd geçirilýär

Azathabar.com 

Farap etrabynda Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri ýerli mekdepde bolan ýangyn barada maglumat ýaýradýan çeşmeleri gözleýärler. Garaşsyz habar beriş serişdelerinde Farap şäherindäki 1-nji mekdepde ýangynyň bolandygy barada habar berlenden soň, MHM-niň işgärleri telefonlara VPN programmalaryny gurnap berýän ussalara garşy we şeýle programmalary ulanýanlary anyklamak boýunça reýdleri geçirýärler. Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, 14-nji dekabrda Farap etrabynda Internet baglanyşygy kesildi.

"COVID-19"-dan azat Türkmenistan epidemiýalara taýýarlyk derejesi boýunça Merkezi Aziýada dördünji boldy

Azathabar.com 

Öz giňişliginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistan, çap bolan täze halkara hasabatynda epidemiýa taýynlyk derejesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dördünji orny eýeledi. Emma Türkmenistan alan görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularyndan tapawutlylykda sanawyň soňuna golaý ýerleşýär we diňe Täjigistandan öňe çykýar.

Baýramalynyň polisiýasy merkezi bazara ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime ýazdy

Azathabar.com 

15-nji dekabrda 100-den gowrak telekeçi we alyjy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň merkezi bazarynyň öňüne ýygnandy. Polisiýa bazaryň açylmagyny umyt edip, bu ýere üýşen adamlaryň tas ählisine pul jerimesini ýazdy. Jerimäni töläp gaýtadan bazara üýşen telekeçileri resmi edaralaryň wekilleri köşeşdirmäge çalyşdy. Ýöne bazar gaýtadan açylmady. Bu wakanyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.



Berdimuhamedow ABŞ-da bolan harasat zerarly Baýdene gynanç bildirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen, köp sanly şikes ýetmelere we ýitgilere getiren güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) 14-ni dekabrda maglumat berdi.

Baýramalyda öýlere aýlanyp, it we eşek etini satyn almak isleýän adamlar köpelýär

Azathabar.com 

Soňky bir hepdäniň dowamynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky käbir obalara aýlanyp, ýaşaýjylara it we eşek etlerini satyn alýandyklaryny aýdýan adamlar köpelýär. Bu habarlaryň arasynda, şu günler sebitde ilatyň işigindäki itleriň we eşekleriň ogurlanmagy bilen bagly wakalar hem artýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Okuwdan çykarylan ogly ýurda gelip bilmän, rus aeroportunda ýatyp-turýan enäniň kyssasy

Azathabar.com 

Maryly pensioner Ogulnur eje (ady üýtgedildi), Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ogluny daşary ýurda okamaga iberip, onuň bir gün ýokary hünär alyp gelmegine, ene-atasynyň we doganlarynyň daýanç-diregi bolmagyna garaşan türkmen eneleriniň diňe biri. Ol Azatlygyň ýerli habarçysy bilen duşuşyp, özi ýaly agyr güne düşen adamlaryň az däldigini aýdyp, maşgalasynyň hal-ahwaly hakynda jikme-jik gürrüň berdi.

AI Owganystandaky 'uruş jenaýatlarynyň' derňelmegine çagyrýar

Azathabar.com 

“Amnesty International” guramasy “Talybanyň” awgust aýynda Owganystanda häkimiýeti ele geçireli bäri gynamalar we bikanun jezalandyrmalar esasynda öldüren adamlaryny hasaba alandygyny aýdýar. "Talyban" agzalary "etniki we dini azlyklary, Owganystanyň öňki Milli Goranyş howpsuzlyk güýçleriniň esgerlerini we hökümete duýgudaşlyk bildiren diýip hasaplanan adamlary gynap öldürdi" diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň 15-nji dekabrda çap eden hasabatynda aýdylýar. "Subutnamalar häkimiýetiň, “Talybanyň” aýdyşy ýaly... Читать дальше...

Türkmenistan Owganystana 1,200 tonnalyk kömek iberdi

Azathabar.com 

Türkmenistan 14-nji dekabrda Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy dekabrdaky buýrugyna laýyklykda, bu gezekki kömegiň 1,200 tonna barabar azyk, senagat harytlaryndan, nebit önümlerinden doldurylan 20 sany demirýol çeleginden ybaratdygy aýdylýar. Bu kömek Owganystanda durmuşyň barha gymmatlaýan wagtynda geldi.



"COVID-19" -dan azat Türkmenistan epidemiýalara taýýarlyk derejesi boýunça Merkezi Aziýada dördünji boldy

Azathabar.com 

Öz giňişliginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistan, çap bolan täze halkara hasabatynda epidemiýa taýynlyk derejesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dördünji orny eýeledi. Emma Türkmenistan alan görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularyndan tapawutlylykda sanawyň soňuna golaý ýerleşýär we diňe Täjigistandan öňe çykýar. Epidemiýa taýynlygynyň halkara reýtinginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gazagystan 55-nji, Gyrgyzystan 68-nji, Özbegistan 82-nji, Türkmenistan 119-njy, we Täjigistan 140-njy ýerde ýerleşýär. Читать дальше...

Türkmenistan Owganystana 1,200 tonnalyk kömek iberdi

Azathabar.com 

Türkmenistan 14-nji dekabrda Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy dekabrdaky buýrugyna laýyklykda, bu gezekki kömegiň 1,200 tonna barabar azyk, senagat harytlaryndan, nebit önümlerinden doldurylan 20 sany demirýol çeleginden ybaratdygy aýdylýar. Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaradan soň, Owganystanyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti ABŞ-nyň prezidentine gynanç bildirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ikinji gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jozef Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda turan güýçli harasat zerarly çekilen ýitgiler we ejir çekenler babatda gynanç hatyny iberdi. Döwlet baştutany gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna türkmen halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanç bildirip, medet beriji sözleri aýtdy, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar. Читать дальше...

ABŞ we ÝB Belarusda oppozisionerlere garşy çykarylan ýowuz hökümleri ýazgarýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar ikinji gün Gomel şäherinde Belarusyň oppozisiýa aktiwistlerine we žurnalist Igor Losige garşy çykarylan ýowuz hökümleri ýazgardy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinkeniň beýanatynda Sergeý Tihanowskä, Nikolaý Statkewiçe, Igor Losige we beýleki aýyplanýanlara garşy çykarylan hökümleriň syýasy sebäpler esasynda çykarylandygy aýdylýar. Beýanatda aýdylmagyna görä, bu adamlar babatda geçirilen kazyýet seljermesinde kanunyň hökmürowanlygy berjaý edilmedi. "Iş kesilenler-de, Belarus... Читать дальше...

Özbegistanda Saglyk ministrliginiň merkezi edarasynyň işgärleriniň 40%-i işinden boşadyldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Saglyk ministrliginiň merkezi edarasynyň işgärleriniň 40%-i işinden boşadyldy. Özbegistanyň Saglyk ministrliginiň 14-nji dekabrda geçiren ýygnagynda işgärlere işden boşadylandyklary we   aşaky derejeli lukmançylyk edaralarynda iş teklip edilýändigi aýdyldy. Resmi maglumata görä, işinden boşadylan işgärler işlerinde gowy netije görkezip bilmediler. Ýygnakda Özbegistandaky lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň bolmaly derejesine ýetmeýändigi bellenildi. Hususan-da, şu ýylyň 11 aýynda... Читать дальше...

Спорт в России и мире
Москва

«Кубок футбольных мам» прошел на стадионе «Москвич» в Лобне


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Чиновники в Эртиле, рекультивируя полигон ТКО за 484,72 млн рублей, создали новую свалку в 2 га





Путин в России и мире
Москва

Участников СВО обучат для работы в органах власти


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

В Минске одобрен проект соглашения о системе таможенного транзита ЕАЭС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Бато Багдаев

Артистка Госцирка Бурятии Аригма Цыремпилова начинала как девочка-каучук (Культура в России, Дети и Театр)



Москва

В преддверии празднования Дня победы сотрудники Росгвардии приняли участие в патриотических акциях.

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net