Erdogan S-400 gorag ulgamyny alyp, soň Moskwa bilen S-500 üstünde işleşjegini aýdýar
"Bu ýerde [Türkiýäniň] S-400-leri satyn almakdan yza çekilmegi barada düýpden, hiç bir gürrüň ýok. Bu bolan ylalaşyk” diýip,Erdogan 18-nji maýda Stambulda studentler bilen sorag-jogap sessiýasynda aýtdy.
"S-400-den soň bilelikde S-500 hem öndüriler" diýip, Erdogan telewideniýede berlen sessiýada sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol şindem Birleşen ŞtatlaryňAnkara F-35 söweş uçarlarynyň öndürilmegine gatnaşmaga rugsat bermegine garaşýandygyny aýtdy. Ýogsa Waşington, eger Türkiýe rus raketa ulgamlaryny satyn alsa, onuň bu hyzmatdaşlykdan çykarylyp biljegini aýdýar.
Türkiýe bu uçarlardan öz goşuny üçin 100 sanysyny satyn almakçy bolýar.
